Amazon şereketi ýylyň ahyryna çenli Beýik Britaniýada dronlar bilen eltip bermek hyzmatyny işe girizmegi meýilleşdirýär. Bu barada «logist.today» neşiri habar berdi.
Şeýle tehnologiýalar eýýäm ABŞ-da kompaniýa tarapyndan ulanylýar. Maý aýynda Amazon harytlary has uzak aralyklara eltip bermegiň bu usuly üçin ygtyýarnama aldy.
Amazon kompaniýasynyň täze dronlary 2 kg çenli agyrlykdaky ýükleri daşap bilerler, bu logistikanyň ösüşinde möhüm tapgyr bolar. Beýik Britaniýadan başga-da, Amazon dronlar bilen eltip bermek hyzmatyny Italiýada ýola goýmagy meýilleşdirýär. Munuň üçin hem Ýewropada, hem Beýik Britaniýada ulanyljak täze MK30 drony işlenip taýýarlanýar.
Eltip bermegiň täze usulynyň kanunylaşdyrylmagy bazary has çalt we ekologiýa taýdan netijeli edip biler. «McKinsey konsalting» kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, geçen ýyl dünýäde dronlaryň ulanylmagy bilen bir milliondan gowrak eltip bermek hyzmaty amala aşyryldy.
Ýadyňyzda bolsa, 2024-nji ýylyň 15-nji awgustynda Beýik Britaniýanyň Raýat awiasiýasy edarasy kompaniýalara, şol sanda Amazon şereketine uçarmansyz uçýan enjamlaryň kömegi bilen harytlary eltip bermek hyzmatyny synagdan geçirmäge rugsat beripdi. Bu rugsada çenli kompaniýalar dronlary diňe operatoryň görüş çäginde ulanyp bilýärdiler, ýöne indi bu çäklendirme ýatyryldy.



