Google kotporasiýasy Android 15 operasion ulgamynyň ikinji beta wersiýasyny çykardy.
Ilki bilen Google markaly Pixel smartfonlaryny ulanyjylar üçin täze operasiýa ulgamyna giriş açdy. Şeýle-de beýleki OEM-öndürijileriň smartfon eýeleri-Oppo, OnePlus, Xiaomi we Vivo — beta wersiýasyny göçürip alyp we gurup bilerler.
«Android 15 ilki göreniňde täze ýaly görünmeýär, ýöne içinde köp üýtgeşmeler bar. Telefonyň ulanylyşynyň hiline we işleýşine täsir edýän ownuk täzelenmeler» – metbugat awtorlary dikeltmäni düşündirdiler. Olaryň pikiriçe, täze operasion ulgamynyň gijiräk çykmagy zerur.
Mundan başga-da, 9to5Mac hünärmenleri Android 15-iň ikinji beta wersiýasyny smartfonda nädip gurmalydygyny düşündirdiler. Munuň üçin Android web sahypasyna girmeli, enjamyňyzyň öndürijisini saýlamaly we “Beta-wersiýany almak” düwmesine basmaly. Her markanyň enjamy üçin operasiýa ulgamyny gurmakda aýratyn görkezmeler bolup biler. “OEM-öndürijileriň her biriniň gollanmasyny okaň we öndürijiniň görkezmelerini üns bilen ýerine ýetiriň” –diýip žurnalistler maslahat berdiler.
Google ozal ýüz keşbini ulanyp, Android smartfonlaryny elsiz dolandyrmak üçin bu funksiýanyň işe girizilendigini habar berdi. Şeýle hem, kompaniýa Gameface taslamasynyň deslapky kody çykardy.
Gülnur Otyzowa
Türkmen oba hojalyk institutynyň 4-nji ýyl talyby