Samsung täzeleniş syýasatynda möhüm üýtgeşmeler girizdi. Şunuň bilen baglylykda, Günorta Koreýanyň markasy “Galaxy S24” seriýasy we eýýäm çykan hem-de soňrak çykarylan ýokary derejeli modeller üçin takmynan 7 ýyl täzeleniş goldawyny üpjün eder. Şeýle-de bolsa, ýaňy-ýakynda çykan “Galaxy A16 5G” üçin alty ýyllyk kämilleşdiriş meýilnamasy hem yglan edildi. Bu, orta segmentde satuwa çykaryljak täze modelleriň köpüsiniň alty ýyllap goldanjakdygyny aňladyp biler.
“Samsung” täzelenmeler taýdan iň işjeň kompaniýalardan biridir. Günorta Koreýanyň öndürijisi “Android 15” esasly “One UI 7” bilen käbir gijikdirmeleri başdan geçiren hem bolsa, ýakyn wagtda umumy ulanylyş üçin elýeterli täze wersiýasyny çykarar.
“Android 15” täzelenmesini aljak “Samsung” modelleri:
Galaxy S24 Ultra
Galaxy S24 +
Galaxy S24
Galaxy S23 Ultra
Galaxy S23 +
Galaxy S23
Galaxy S23 FE
Galaxy S22 Ultra
Galaxy S22 +
Galaxy S22
Galaxy S21 FE
Galaxy S21 Ultra
Galaxy S21 +
Galaxy S218