Android smartfonynyň wagtyň geçmegi bilen haýal işlemegi birnäçe giň ýaýran faktor bilen bagly bolup biler. How-To Geek neşiriniň maglumatyna görä, enjamyň öndürijiligine iň köp täsir edýän sebäpleriň arasynda içerki ýadyň dolmagy, fon režimindäki programmalar, baş ekranyň aşa ýüklenmegi we ulgam animasiýalary bar.
Içerki ýadyň dolmagy öndürijiligi peseldýär

Smartfonda boş ýeriň azalmagy enjamyň tizligine göni täsir edip biler. Ýatda täze faýllary ýazmak üçin ýeterlik giňişlik galmasa, ulgam amallarynyň ýerine ýetirilişi hem haýallap biler.
Hünärmenler smartfonyň içerki ýadynyň azyndan 20 göterimini boş saklamagy maslahat berýärler. Munuň üçin ulanylmaýan programmalary, uly wideo we surat faýllaryny, ýükläp alnan maglumatlary hem-de wagtlaýyn faýllary yzygiderli arassalamak peýdalydyr.
Fon programmalary ulgamy goşmaça ýükleýär
Fon režiminde işleýän programmalar prosessory, operatiw ýady we mobil modemini ulanyp biler. Olar maglumatlary sinhronlaşdyrmak, bildirişleri işlemek, awtomatik täzelenmeleri ýerine ýetirmek we beýleki ulgam amallaryny geçirmek üçin serişdeleri sarp edýär.
Şeýle programmalar köp bolanda smartfonyň umumy tizligi peselip, batareýanyň sarp edilişi hem artyp biler.
Köp widjetli baş ekran hem täsir edýär
Android-iň baş ekranynda köp sanly interaktiw widjetleriň bolmagy hem öndürijilige täsir edip biler. Howa maglumatlary, habarlar, kalendar ýa-da real wagtda täzelenýän beýleki widjetler ulgam serişdelerini yzygiderli ulanýar.
Aşakdaky düwmä basyp, Google Discover arkaly biziň ýörite seljerme we iň soňky täzeliklerimizi yzarlaň.
Zerur däl widjetleri aýyrmak peýdaly
Smartfonyň has çalt işlemegini isleýän ulanyjylara diňe hakykatdan hem zerur widjetleri saklamak maslahat berilýär.
Animasiýany azaltmak interfeýsi has çalt duýdurýar
Tejribeli ulanyjylar Android-iň dörediji sazlamalary arkaly interfeýs animasiýalarynyň tizligini üýtgedip bilerler.
Munuň üçin şu parametrleri 0,5x derejesine sazlamak mümkin:
- «Penjire animasiýasynyň masştaby»
- «Geçiş animasiýasynyň masştaby»
- «Animasiýanyň dowamlylygynyň masştaby»
Bu sazlama smartfonyň apparat kuwwatyny artdyrmaýar, ýöne menýularyň we penjireleriň has çalt açylýan ýaly duýulmagyna kömek edýär.
Pozulan programmalardan soň hem faýllar galyp biler
MakeUseOf neşiriniň ozalky maglumatlaryna görä, Android programmasy pozulandan soň hem onuň käbir galyndy faýllary içerki ýatda saklanyp biler.
Şonuň üçin ulanyjylara smartfonyň ýadyndaky bukjalary wagtal-wagtal gözden geçirmek we zerur bolmadyk faýllary aýyrmak maslahat berilýär.


