Google, Android ekoulgamynyň standart faýl paýlaşma ulgamy bolan Quick Share üçin gaty uly täzelenme tapgyryny başlatdy. 2026-njy ýylyň ilkinji çärýeginde badalga alan bu ädim, diňe bir Android enjamlarynyň arasyndaky faýl alyş-çalyşygyny çaltlaşdyrman, eýsem ýyllar boýy dowam edýän “Android-den iPhone-a faýl geçirmek” azabyna hem doly son berýär.
Quick share näme?

Quick Share – Google we Samsung tarapyndan bilelikde ösdürilen, Android enjamlaryň arasynda (telefon, planşet, kompýuter) internete birikmezden uly göwrümli faýllary, suratlary we wideolary şol wagtda ugratmaga mümkinçilik berýän resmi sanly ulgamdyr.
Ulgam işleýiş taýdan Apple-yň “AirDrop” hyzmatynyň gaty kämil bir garşylygydyr. Ýakyndaky enjamlary tapmak üçin Bluetooth ulanylýar, faýlyň özi bolsa ykjam we tizlikli bolan “Wi-Fi Direct” tehnologiýasy arkaly iberilýär. Şeýlelikde gigabaýtlarça göwrümli 4K wideolar hem sanlyja sekundyň içinde internet ulanmazdan garşy tarapa geçýär.
Tap to share: bas we paýlaş döwri
Google indi Apple-yň iOS 17 bilen tanyşdyran “NameDrop” aýratynlygyna göni bäsdeş boljak “Tap to Share” (Dokun we paýlaş) ulgamyny işe girizýär. Android 17 beta wersiýalarynda ýüze çykan bu aýratynlyk, NFC arkaly işleýär.
Iki sany Android telefony (hususan-da Pixel 10 we täze Galaxy S26 seriýasyny) ýokary böleklerinden biri-birine golaýlaşdyranyňyzda, olar NFC arkaly dessine tanyşýarlar. Tanyşlyk NFC arkaly bolup geçse-de, faýl alyş-çalyşygy arka fonda Wi-Fi Direct arkaly dowam edýär. Bu ulgam, Android-iň ilkinji ýyllarynda bar bolan, emma haýallygy üçin ýatyrylan “Android Beam” funksiýasynyň iň döwrebap we ultra tizlikli wersiýasy hasaplanýar.
Android-den iphone-a ýerli Airdrop goldawy
Tehnologiýa dünýäsini sarsdyran asyl täzelik bolsa, Quick Share-iň indi Apple enjamlary bilen “göni gürleşip” bilmegidir. 2025-nji ýylyň noýabrynda Pixel 10 seriýasy bilen başlan bu taslama, 2026-njy ýylyň mart aýynda has-da giňedi.
Indi bir Android ulanyjysy iPhone-a surat ugratmak üçin Telegram, WhatsApp ýa-da bulut (cloud) linklerini ulanmaga mätäç däl. Quick Share menýusynda eýýäm töwerekdäki iPhone, iPad we Mac enjamlary hem görünýär. Google bu integrasiýany Apple-dan kömek alman, AirDrop-yň aragatnaşyk dilini (ters inženerlik arkaly) çözüp başardy. Google-yň yzýanyndan Samsung hem bu ugra goşuldy we Galaxy S26 ulanyjylary indi “Apple enjamlar bilen paýlaş” diýen düwmäni işjeňleşdirip bilerler.
Howpsuzlyk üçin “hemmeler” tertibine çäklendirme
Google howpsuzlyk meselelerinde hem AirDrop-yň yzyny eýerip, möhüm täzelik girizdi. Öňler islenilen wagt açyk goýlup bilinýän “Hemmeler” (Everyone) tertibi, indi diňe 10 minut işjeň bolup biler. 10 minut geçensoň, ulgam awtomatiki ýagdaýda “Diňe kontaktlar” tertibine geçýär. Bu ädim, duralgalar ýa-da howa menzilleri ýaly köp adamly ýerlerde nätanyş adamlardan gelip biljek zyýanly faýllaryň öňüni alýar.
Haýsy enjamlar goldaýar?
Bu rewolýusion AirDrop utgaşyklygy häzirlikçe şu enjamlarda işjeňdir:
Google: Pixel 10 we Pixel 9 seriýasy.
Samsung: Galaxy S26 seriýasy (ilki Ýewropa we Hindistanda, soňra beýleki sebitlerde).
Beýlekiler: Google bu aýratynlygy Play Store arkaly özbaşdak APK hökmünde hödürlänligi üçin, Android 15 we ondan ýokary operasion ulgamly ähli döwrebap telefonlaryň ýakyn wagtda bu goldawy almagyna garaşylýar.


