Visual Instruments kompaniýasy adaty displeýleriň ornuny tutmaga niýetlenen täze konsepsiýaly Phantom atly monitory bilen tanyşdyrdy. Bu monitoryň esasy aýratynlygy onuň sazlanyp bilinýän durulygydyr.
Phantom monitory telesuflýorlara ýa-da awiasiýanyň HUD displeýlerine meňzeş prinsip boýunça işleýär. Surat aýna panelinde şöhlelenýär. Bu bolsa ulanyja ekranyň aňyrsyna seretmäge mümkinçilik berýär.

Täze enjam telesuflýor prinsipi boýunça aýnada şöhlelenýän çylşyrymly optiki ulgamdyr. Munuň netijesinde surat howada asylyp duran ýaly täair döreýär. Gözüňize dynç bermek üçin iş ýeriňizden ünsüňizi sowman, monitordaky aýnanyň aňyrsyndaky daş-töwrege seretmek ýeterlikdir.
Monitor has aýdyň 4K suratlary we örän ýokary ýagtylygy (Ultra HDR) öz içine alýan 24 dýuýmly panel bilen enjamlaşdyrylandyr.

Phantom monitory häzirki wagtda çäkli möçberde, diňe 10 nusgada öndürildi. Satuwynyň 2025-nji ýylyň ahyrynda başlanmagyna garaşylýan bu enjamyň resmi nyrhy heniz mälim edilmedi. Ýöne, onuň bahasy 1600 dollar bolar, diýlip çaklanylýar.
Tawus Öwezmämedowa,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
weterinar lukmançylygy fakultetiniň
oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy
taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby.




