Apple kompaniýasy özüniň tanyşdyrylyş dabarasynda iPhone SE smartfonynyň täze prosessorly we 5G-ni göterýän täzelenen modelini hödürledi. Bu barada TASS habar berýär.
Täze smartfon A15 Bionic prosessory – 2021-nji ýylyň 14-nji sentýabrynda anons edilen alty ýadroly çip bilen enjamlaşdyryldy. Mundan öň ol diňe iPhone 13 we 13 Pro smartfonlarynda bardy. Şeýle-de, smartfon iPhone 13 ýaly öňünde we arkasynda berk aýna hem-de suwdan we tozandan IP67 goragyna eýe boldy.
Smartfon kämilleşdirilen batareýa we mobil aragatnaşygynyň bäşinji nesli (5G) bilen üpjün edilendir. Onuň täze funksiýalaryndan teksti göni kameradan okamak, ony aýratynlandyrmak we beýleki programmalara göçürmek mümkinçiligini bellemek bolar. iPhone-da henizem bir kamera hem-de Touch ID barmak yzyny skanerleýji bar.
iPhone SE-niň başlangyç bahasy — $429.