Apple uly umytlar bilen hödürlän garyşyk hakykat äýnegi, az isleg sebäpli garaşylýan zady üpjün edip bilmedi. Şol sebäpli kompaniýanyň Vision Pro önümçiligini wagtlaýynça togtatandygy öňe sürülýär.
Vision Pro, Apple baş direktory Tim Kuk tarapyndan 2023-nji ýylyň iýunynda tanyşdyryldy we giňişlik hasaplaýyş döwrüne girişjek önüm hökmünde satuwa çykaryldy. 2024-nji ýylyň fewral aýynda satuwa çykarylan bu enjamyň, bahasy 3999 dollar we çäkli mazmun ekosistemasy sebäpli maksatly diňleýjilere ýetmekde kynçylyk çekendigi habar berildi. “Apple” ilkinji ýyl satuw maksadyny 700 müňden 800 müňe çenli kesgitlän hem bolsa, ýylyň ahyryna çenli bary-ýogy 420 müň birlik satandygy çak edilýär.
Apple hytaý önümçilik hyzmatdaşy “Luxshare Precision” -a noýabr aýynda “Vision Pro” önümçiligini azaltmagy we duruzmagy tabşyrandygy aýdylýar. Tomus aýlaryndan başlap önümçilik kem-kemden azaldy we oktýabr aýynda günde diňe 1000 enjam öndürildi. Şeýle-de bolsa, bar bolan önümçilik liniýalarynyň düýbünden sökülmändigi we isleg artsa önümçiligiň täzeden başlap boljakdygy aýdylýar.
Satuw görkezijileriniň pesdigine garamazdan, “Apple” -iň garyşyk hakykat ugrundaky işinden ýüz öwürmändigi we arzan bahaly “Vision Pro” modeliniň üstünde işleýändigi öňe sürülýär. Kompaniýanyň ikinji nesil Vision Pro üçin meýilnamalaryny wagtlaýynça togtadandygy we ýerine elýeterli modeliň ösdürilmegine gönükdirilendigi aýdylýar. Bu täze model, bar bolan Vision Pro-nyň artykmaç komponentlerini ulanmak bilen çykdajylary azaldar diýlip garaşylýar.