Apple, döredijilik bilen meşgullanýan hünärmenler, YouTuberler, sazandalar we dizaýnerler üçin oýnuň düzgünlerini üýtgetjek täze Apple Creator Studio abuna bukjany resmi taýdan yglan etdi. Häzire çenli aýratynlykda uly möçberde töleg edilip satyn alynýan Final Cut Pro we Logic Pro ýaly dünýä belli programmalar, indi has elýeterli aýlyk abuna modeli bilen hödürlenýär.
Ine, Apple-yň Adobe Creative Cloud-a bäsdeş hökmünde döreden, wideo, ses we şekil redaktirleme gurallaryny bir çatynyň aşagynda jemleýän täze hyzmatynyň jikme-jiklikleri:
Apple Creator Studio näme?
Apple Creator Studio, bir mazmun döredijiniň (kontent-meýkeriň) zerurlyk duýup biljek ähli “Pro” programmalaryny öz içine alýar. Abuna bolmak arkaly elýeterli bolan programmalar şulardyr:
Wideo Redaktirleme (Montaž): Final Cut Pro
Saz we Ses Önümçiligi: Logic Pro
Wizual/Surat Redaktirleme: Pixelmator Pro
Kömekçi Gurallar: Motion, Compressor we MainStage
Aýratyn-da surat redaktirleme tarapynda Pixelmator Pro-nyň bukja goşulmagy, Apple-yň bu ugurda-da “doly toplum” çözgüt hödürleýändigini görkezýär. Şeýlelik bilen, ulanyjylar wideo montažyndan başlap, ses miksine we dizaýna çenli ähli işlerini bu bukja bilen dolandyryp bilerler.
Bahalary: Bäsdeşlere Görä Has Elýeterli
Apple-yň bu ädimindäki iň üns çekiji nokat bahalar syýasaty boldy. Bäsdeşlerine garanyňda has amatly baha kesgitlän Apple, bukjany şu görnüşde hödürledi:
Adaty Ulanyjylar: Aýda 12,99 Dollar ýa-da Ýylda 129 Dollar.
Talyplar we Mugallymlar: Aýda 2,99 Dollar ýa-da Ýylda 29,99 Dollar.
Aýratyn-da talyplar üçin bellenilen 2,99 dollarlyk baha, hünär dünýäsine gadam basmak isleýän ýaşlar üçin uly mümkinçilik hasaplanýar. Deňeşdirme geçirilende, Adobe-niň meňzeş bukjasy aýda ortaça 60-70 dollar töweregi bolup, Apple-yň bu hyzmaty 12,99 dollara hödürlemegi uly seslenme döretdi.
Bir gezeklik satyn alma opsiýasy dowam edýärmi?

Abuna modelini halamaýan ulanyjylar üçin gowy habar: Apple, “satyn al we eýe bol” modelini aýyrmady. Ulanyjylar isleseler programmalary häzirki bahalary bilen bir gezeklik satyn alyp bilýärler:
Final Cut Pro: 299,99 $* Logic Pro: 199,99$
Pixelmator Pro: 49,99 $
Ýöne diňe Final Cut Pro we Logic Pro programmalaryny satyn almagyň bahasy 500 dollara ýetýärkä, ýyllyk 129 dollarlyk abuna modeli programmalaryň hemişe täze (aktual) galmagy ýaly artykmaçlyklary bilen köp ulanyjy üçin has özüne çekiji bolup durýar.
Mesele boýunça çykyş eden Apple-yň Internet Programmalary we Hyzmatlary boýunça Wise-prezidenti Eddy Cue, täze bukjanyň maksadyny şeýle düşündirdi:
“Apple Creator Studio, wideo redaktirleme, saz döretmek we wizual dizaýn üçin iň güýçli gurallara aňsat elýeterlilik hödürleýär. Bu bukja bilen, islendik derejedäki döredijileriň işini kämilleşdirmegine we döredijiligini çäksiz açyp görkezmegine mümkinçilik bermegi maksat edinýäris.”


