Apple kompaniýasy “Awe dropping” şygary bilen geçirilen çärede täze nesil iPhone 17 seriýasyny tanyşdyrdy. Bu seriýa tehniki taýdan täzeçilikler hem-de dizaýn taýdan uly üýtgeşmeler bilen tapawutlanýar.

Esasy täzelikler:
Center Stage öň kamera: iPhone 17-de ilkinji gezek kwadrat sensorly öň kamera peýda boldy. Bu kamera 18 MP çözgüt bilen selfileri giň burçda we ýokary detallarda düşürip bilýär.
48MP Dual Fusion esasy kamera: Optiki hilli 2x telefoto we ultra giň burçly 48 MP Fusion kamera arkaly hünärmen derejesinde foto we wideo düşürmek mümkin.
6.3 dýuýmlyk Super Retina XDR ekran: ProMotion tehnologiýasy bilen has ýagty we çalt ekran tejribesi hödürlenýär. Ekran hem oýun oýnaýanlar, hem-de gündelik ulanyjylar üçin amatlydyr.
A19 çipi: Täze nesil prosessor ýokary öndürijililigi we energiýa tygşytlylygy bilen tapawutlanýar. Bu çip multitasking we oýun öndürijiligini ýokarlandyrýar.
Ceramic Shield 2: Ekran örtügi öňki nesilden 3 esse has çyzylma çydamlydyr we şöhlelenmäni azaldýar.
Has uly ýat mümkinçilikleri: Indi iň pes ýat görnüşi 256GB-dan başlanýar.

Reňk görnüşleri:
Täze iPhone 17 seriýasy bäş reňkde hödürlenýär.



