Apple kompaniýasy iPhone 17 smartfonlaryny bejermek üçin ýörite görkezme gollanmalaryny çykardy we ätiçaýlyk şaýlaryny satyp başlady.
Şu hepde Apple kompaniýasy iPhone 17, iPhone Air, iPhone 17 Pro we iPhone 17 Pro Max modelleri üçin niýetlenen ätiýaçlyk şaýlaryny hem-de bejeriş gurallaryny ABŞ-da, Kanadada we birnäçe Ýewropa ýurtlarynda ýerleşýän öz-özüňe hyzmat ediş merkezlerinde
sargyt üçin elýeterli etdi. Bu ýurtlaryň hatarynda Beýik Britaniýa, Irlandiýa, Fransiýa, Italiýa, Germaniýa, Ispaniýa, Niderlandlar, Belgiýa, Şwesiýa, Şweýsariýa we beýlekiler bar.
Täze dört modeliň hersi üçin displeý, akkumulýatory, kameralary, korpusy, dinamikleri, platany we beýleki komponentleri çalyşmak üçin ätiýaçlyk şaýlar elýeterlidir. ABŞ-da müşderiler üçin 49 dollar baha bilen iPhone üçin gurallar toplumyny ýedi günlük kärendesine almak mümkinçiligi hem döredildi.
Apple kompaniýasynyň resmi web sahypasynda häzirki wagtda ähli täze modelleri — iPhone 17, iPhone Air, iPhone 17 Pro we iPhone 17 Pro Max smartfonlary bejermek üçin niýetlenilen görkezmeler gollanmalary hem ýerleşdirildi.
Apple kompaniýasynyň Self Service Repair atly özbaşdak bejeriş programmasy ilkinji gezek 2022-nji ýylda işe girizilipdi. Bu programma müşderilere käbir iPhone, iPad, Mac modellerini, Studio Display monitorlaryny we Beats Pill kolonkalaryny bejermek üçin hakyky ätiýaçlyk şaýlaryny, gurallary we görkezmeler gollanmalaryny hödürleýär. Ilki başda programma diňe iPhone modellerini öz içine alýardy, ýöne kompaniýa kem-kemden gurşawyny giňeltdi. Apple kompaniýasynyň beýanyna görä, bu programma çylşyrymly elektron enjamlaryň içki gurluşy bilen işlemegi başarýan tejribeli ulanyjylar üçin niýetlenendir.



