«Apple» kompaniýasy 2025-nji ýyldan başlap, «iPhone»-yň hemme modellerinde OLED ekranyna geçer diýip, «Nikkei» ýazýar. Kompaniýanyň indiki çykjak «iPhone SE» modeli OLED ekranly bolar. Bu barada turkmenmetbugat.gov.tm web sahypasynda rus dilinde habar berildi.
Indi kompaniýa LCD displeý bazaryndaky öňdebaryjy «Japan Display» we «Sharp» üpjün edijilerine derek, Günorta Koreýa we Hytaý öndürijileri «Samsung Electronics», «LG Display» we «BOE Technology Group» kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk eder.
«Samsung», «iPhone» üçin OLED ekran bazarynyň eýýäm 50 göterimini, «LG Display» 30 göterimi töweregini, «BOE» bolsa 20 göterim töweregini dolandyrýar.
Kupertinoly kompaniýanyň täze syýasaty — smartfonlar üçin OLED ekranlaryny öndürmeýän «Japan Display» we «Sharp» kompaniýalaryna ýaramaz täsir edip biler.