«Apple» kompaniýasy 2024-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda ABŞ, Hytaý, Hindistan, Awstraliýa we Günorta Koreýa ýaly tas 60 ýurtda «iPhone 16» smartfonlarynyň global satuwyna başlady. Bu barada Bloomberg-iň analitigi Mark Gurman ýazýar. turkmenmetbugat.gov.tm neşiri hem muny rus dilindäki sahypasynda habar berdi.
Birnäçe uly şäherlerde, şol sanda Hindistanyň Mumbaý we Deli şäherlerinde satuwlar firma dükanlarynyň öňünde uly nobatlar bilen başlady. Gurluş heniz esasy funksiýasyz – 2024-nji ýylyň iýun aýynda anons edilen «Apple Intelligence» emeli aň funksiýalary bolmazdan çykdy. «Emeli aň» gurallarynyň oktýabr aýynda iOS 18.1 bilen birlikde elýeterli bolmagyna garaşylýar.
«Apple Intelligence» onlaýn aragatnaşyk, tekstler bilen işlemek we özboluşly emojileri döretmek üçin funksiýalary öz içine alar. Satuwyň bu tehnologiýasyz başlanmagy tankyda getirdi, çünki köp alyjylar bu funksiýalaryň peýda bolmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşypdy. Häzirlikçe «iPhone 16» smartfonynda esasy täzelik fokusy we ekspozisiýany sazlamaga mümkinçilik berýän «Camera Control» düwmesidir.
Wagtlaýyn kynçylyklara garamazdan, Uoll-strit analikleri, aýratynam, geljekki roždestwo döwründe, iPhone-da täze anons edilen funksiýalar peýda bolansoň, satuwyň ýokarlanjakdygyna ynanýarlar. Şeýlelikde, 2024-nji ýylyň soňky çärýeginde kompaniýanyň girdejisiniň 8 göterim artmagyna garaşylýar.