iOS 26.1 täzelenmesiniň ähli gabat gelýän enjamlara tapgyrlaýyn ýaýradylýandygy yglan edildi. iPhone we iPad eýeleri üçin iň gyzykly täzelikleri görüň!
Suwuk Aýna effektiniň sazlamalary
Apple täze açyk aýna dizaýnyny birnäçe gezek üýtgedenden soň, ulanyjylara ony el bilen dolandyrmak mümkinçiligini berdi.
Indi iki stil bar:
“Açyk” — öňki ýagdaý;
“Monohromatik” — gözlerde ýumşak görnüş.
Sazlama ýoly: Sazlamalar → Displeý we ýagtylyk → Suwuk Aýna.
Kamera jestlerini öçürmek
iOS 26.1-de indi gulp ekranynda kamerany açmak üçin çepe süýşürmek mümkinçiligini öçürip bilersiňiz.
Bu, esasanam, iPhone 16 we täze modeller üçin peýdalydyr, sebäbi olaryň aýratyn Kamera dolandyryş düwmesi bar.
Oýandyryşy öçürmek üçin süýşüriň
Indi ýönekeý basmagyň ýerine, oýandyryşy aýyrmak üçin çepden saga süýşüriň – bu köne iOS gulp ekranyny ýada salýar.
Bu üýtgeşme ulanyjyny tötänleýin ony doly öçürmekden goraýar.
Apple Music-de aýdymlary üýtgetmek üçin süýşüriň
Indi aýdym-saz oýnadyjysyndaky aýdymlary aňsatlyk bilen üýtgedip bilersiňiz:
Indiki aýdym — çepden saga süýşüriň,
Öňki aýdym — sagdan çepe süýşüriň.
Sürüşdürmek iPadOS-a gaýdyp gelýär
Indi iPad ulanyjylary beýleki penjireleriň ýokarsyndaky programmalary açyp we çalt ýapyp bilerler.
Muny etmek üçin penjiredäki ýaşyl düwmäni basyp saklaň we “Sürüşdürmek” režimini saýlaň.
Apple Intelligence üçin täze diller
Indi emeli intellekt funksiýalary aşakdaky dillerde hem işleýär: Daniýa, Golland, Norwegiýa, Portugal, Şwed, Türk, Hytaý we Wýetnam.
AirPods 4, Pro 2 we Pro 3 üçin Janly Terjime funksiýasy indi ýapon, koreý, italýan we hytaý dillerinde hem işleýär.
Fon howpsuzlygynyň täzelenmeleri
Täze “Fon howpsuzlygynyň gowulandyrylmalary” aýratynlygy bilen ulgam möhüm howpsuzlyk täzelenmelerini fonda awtomatiki usulda gurnaýar.
Isleseňiz, bu prosesi öçürip we täzelenmeleri el bilen dolandyryp bilersiňiz.
Başga kiçi üýtgeşmeler:
“Umumy” we “Gizlinlik” bölümleriniň sözbaşylary çep tarapda deňleşdirilýär.
Iş stolundaky papka atlary hem şol bir usulda deňleşdirilýär.
“Telefon” programmasynyň klawiaturasy suwuk aýna effektine eýedir.
“Displeý we ýagtylyk” bölümi indi standart iOS 26 diwar kagyzlaryny görkezýär.
Apple TV programmasynyň täze gradient nyşany hem bar.
Eger siz iPhone ýa-da iPad ulanyjysy bolsaňyz, iOS ýa-da iPadOS-yň täze wersiýasyny barlamak aňsat:
Täzelenmeleri nädip barlamaly:
- Enjamyňyzda sazlamalar programmasyny açyň.
- Umumy bölüme giriň.
- Programma üpjünçiligini täzelemek düwmesine basyň.
- .Sistema awtomatiki usulda täze wersiýany barlar — eger iOS 26.1 elýeterli bolsa, ol ýerde “Ýükläp alyň we gurnaň” düwmesi peýda bolar.
Bu maglumatlar iOS täzelenmesini dolandyrmak üçin gerekli bolup durýar.
Arazowa Käbe
Türkmen oba hojalyk institutynyň gidromeliorasiýa we oba hojalygyny mehanizmleşdirmek fakultetiniň 3-nji ýyl talyby




