Apple tehnologiýa dünýäsinde uly gyzyklanma döredýän täze strategiýasyny mälim etdi. Bloomberg neşiriniň žurnalisti Mark Gurman tarapyndan paýlaşylan maglumatlara görä, tehnologiýa ägirdi 2026-njy ýylyň galan döwründe we 2027-nji ýylyň dowamynda jemi takmynan 20 sany täze önümi bazara çykarmaga taýýarlanýar.
Kompaniýa emeli aň bilen goldanylýan täze Siri integrasiýasyny tamamlandan soň, ozal yza süýşürilen köp sanly innowasion taslamalaryň durmuşa geçirilmegine garaşylýar. Bu giň önüm toplumy iPhone hataryndan (seriýasyndan) başlap, akylly öý enjamlaryna we täze nesil MacBook modellerine çenli uzalýar.
Ulanyjylar Apple kompaniýasynyň öňümizdäki iki ýylyň dowamynda amala aşyrjak bu tehnologik özgertmelerine ýakyndan şaýat bolarlar.
- Apple 2026-njy we 2027-nji ýyllaryň arasynda jemi 20 sany täze önümiň tanyşdyrylyşyny geçirmegi meýilleşdirýär.
- Eplenýän ekranly iPhone Ultra we OLED ekranly MacBook Ultra ýaly innowasion modelleriň işlenip taýýarlanylmagy dowam edýär.
- Kompaniýa Apple Intelligence bilen goldanylýan täze akylly öý dolandyryş merkeziniň hem-de emeli aň bilen birleşdirilen akylly äýnekleriň üstünde işleýär.
iPhone hatarynda möhüm üýtgeşmeler bolup geçýär
Apple kompaniýasynyň flagman iPhone hatary ýakyn ýyllarda dizaýn we enjam üpjünçiligi taýdan möhüm täzeliklere eýe bolar. iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max modelleri bilen birlikde, kompaniýanyň ilkinji eplenýän smartfony bolan iPhone Ultra smartfonynyň 7,7 dýuýmlyk içerki ekran bilen gelmegine garaşylýar. Mundan başga-da, iPhone 20 Pro modelleri bilen birlikde kompaniýanyň 20 ýyllygyna bagyşlanyp, dolulygyna çarçuwasyz we egrilen dizaýn düşünjesine geçiljekdigi çak edilýär.
Eplenýän iPhone modeli Apple kompaniýasynyň mobil enjamlar bazaryndaky ornuny täzeden kesgitläp biler.

Mac we iPad maşgalasy güýçlenýär
Kompýuterler ugrunda iň uly gyzyklanma M6 prosessorly we OLED ekranly MacBook Ultra modeline gönükdirilýär. Bu enjamyň sensorly ekran goldawy we macOS 27 bilen ulanyjylara hödürlenmegi meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, Mac Studio we Mac mini modelleri M5 seriýaly prosessorlara geçýär, iPad mini seriýasynyň bolsa OLED ekran we suwa çydamlylyk aýratynlygy bilen täzelenjekdigi aýdylýar.
Akylly öý we dakynylýan tehnologiýalar ösýär
Kompaniýa akylly öý bazaryndaky bäsleşigi güýçlendirmek maksady bilen 6–7 dýuýmlyk ekranly täze akylly öý merkezini (Home Hub) bazara çykarmaga taýýarlanýar. Şeýle hem, kameraly AirPods Ultra we gözüň hereketini ösen derejede yzarlap bilýän akylly äýnekler Apple kompaniýasynyň dakynylýan tehnologiýalar baradaky garaýşyny täze derejä çykarar. Bu enjamlaryň ählisi Apple şereketiniň has şahsylaşdyrylan Siri tejribesi bilen sazlaşykly işlejek görnüşde tasarlanypdyr.



