Apple 7 dýuým ekranly täze “HomePod” enjamynyň görkezilmegini gijikdirdi. Munuň sebäbi, gadjetiň emeli intellektiň esasynda Siri atly täze wersiýanyň mümkinçiliklerine daýanmagydy, mundan öň onuň prezentasiýasy hem yza süýşürilipdi.
“Bloomberg” -iň analitigi Mark Gurmanyň pikiriçe, bu enjam gadjetiň tomsuň ahyryna çenli çykarylmagyna garaşylýar, ýöne indi beýle bolmaz, sebäbi ähli tagallalar Siri wersiýasynyň kämilleşdirilen görnüşini ösdürmäge gönükdirilendir.
Dürliçe gyzyklanmalar
Bu enjam barada uzak wagt bäri gürleşilýär: öýdäki ähli akylly enjamlaryň birikdiriljek Amazon Echo Hub ýaly bir merkezine öwrüler. Jaň etmek, wideo arkaly habarlaşmak, brauzere girmek we multimediýa mazmunyny açmak ýaly mümkinçilikleri özünde jemleýär. Daşardan şeýle merkez sensor ekrany bolan “iPad” planşetine meňzeýär.
Tehnologiýa barada çaklamalar
Gurman öň “HomePod” -yň 2025-nji ýylda kompaniýanyň iň möhüm täzelik boljakdygyny aýtdy. Indi oňa haçan garaşmalydygy belli däl.
«Has akylly» Siri, iOS 20 çykanda 2026-njy ýyla çenli gijikdirilýär. Kompaniýa, ChatGPT, Gemini Live we beýleki söhbetdeşlikler bilen bäsleşip, ses kömekçisiniň ulanyjylar bilen «hakyky adam ýaly» gürleşip biljekdigini öňe sürýär.
Babaýew Babamurat
Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň maglumat ulgamlary we tehnologiýalary taýýarlyk ugrunyň 1-nji ýyl talyby