Halkara öýjükli tehnologiýalar we elektronika äleminde uly seslenme döreden resmi tanyşdyryş geçirildi. Apple kompaniýasy Klarna maliýe hyzmaty bilen hyzmatdaşlykda ABŞ-da täze Apple Upgrade önüm kärende (leasing) maksatnamasyny resmi taýdan hödürledi. Täze ulgam ulanyjylara Apple-yň resmi internet sahypasynda, ykjam programmasynda we dükanynda enjamlary aýlyk amatly tölegler bilen kärendä almak mümkinçiligini berýär.
Aýlyk tölegler we enjamlaryň bahalary
Apple Upgrade maksatnamasy iPhone we Apple Watch üçin 12 we 24 aýlyk, Mac we iPad üçin bolsa 24 we 36 aýlyk kärende opsiýalaryny hödürleýär:
iPhone: Aýda $17.99 dollardan başlaýar (iPhone 17e, iPhone 17, iPhone Air, iPhone 17 Pro we Pro Max modelleri üçin).
Apple Watch: Aýda $11.99 dollardan başlaýar (Apple Watch Series 11 we hemra aragatnaşykly Apple Watch Ultra 3 üçin).
Mac görnüşleri: Aýda $24.99 dollardan başlaýar (M5 çipli MacBook Air, MacBook Pro, iMac we Mac Studio modelleri).
iPad: Aýda $11.99 dollardan başlaýar (iPad Air M4, M5 çipli iPad Pro we iPad mini).
Aňsat başlaşyk we goşmaça mümkinçilikler
Ulanyjylar Apple Trade In hyzmaty arkaly öňki enjamlaryny tabşyryp, aýlyk tölegleri has-da aşak düşürip bilýärler. Şeýle hem Apple Card bilen töleg edilende 3 göterim Daily Cash yza gaýtarylýar. Arza tabşyrylanda ulanyjylaryň kredit balyna päsgel bermeýän “soft credit” barlagy geçirilýär. Kärende möhleti tamamlananda ulanyjylar enjamy täze modele çalşyp, doly satyn alyp ýa-da yza tabşyryp bilýärler.
Bu täze maksatnamanyň işe girizilmegi bilen Apple öňki “iPhone Upgrade Program” we “iPhone Payments” hyzmatlaryny ABŞ-da bes edýändigini bildirdi.


