Apple indi WeChat arkaly uly girdeji gazanar. Kompaniýa Tencent bilen platformanyň içindeki ähli tölegler üçin 15% paý almak barada ylalaşdy. Gepleşikler bir ýyldan gowrak dowam etdi.
«Apple» we «Tencent» kompaniýalary ylalaşyga geldiler. Ylalaşyga laýyklykda, amerikan kompaniýasy tölegleri işlemäge we «WeChat» priloženiýesindäki mini-oýunlarda we mini-programmalarda amala aşyrylan satyn alyşlardan 15% komissiýa almaga hukuk gazandy,
Indi işläp düzüjiler «Apple» kompaniýasynyň talaplaryna, şol sanda çagalaryň mazmuna girmegini çäklendirmek üçin ene-atalaryň gözegçiligine eýermeli bolarlar. Komissiýanyň derejesi «App Storedaky» standart 30%-den pes bolup, «Apple» üçin täze girdeji çeşmesini döredýär, «Tencent» bolsa tölegleri işlemek zerurlygyny öz üstünden aýyrýar.
«Tencentiň» prezidenti Martin Lau «Apple» bilen «örän gowy gatnaşyklarynyň bardygyny» nygtady. Ýeri gelende bellesek, «WeChat» Hytaýda bir milliarddan gowrak ulanyja eýe bolup, «Tencentiň» sosial ulgamlar we mini-oýunlar segmentindäki girdejisi şu ýylyň üçünji çärýeginde $4,5 milliarda ýetdi.



