ABŞ-nyň älem gullugy bolan NASA-nyň adamly Aý missiýasy Artemis II, tabşyrygyň iň howply tapgyryna gadam basýar. Takmynan 10 günlük taryhy syýahatdan soňra, “Orion” kapsulasynyň Ýere dolanmagy diňe 14 minut dowam eder, emma bu pursat tutuş tabşyryk üçin iň aýgytly synag bolar.
Meýilnama görä Orion, bu gije (daňdana golaý) Aşgabat wagty bilen 05:07-de Ýuwaş ummanyna, Günorta Kaliforniýanyň golaýyna gonar. Bu pursat, Aý syýahatynyň iň möhüm tapgyry hasaplanýar. Tabşyrygyň dowamynda hemme zat gowy geçen hem bolsa, hakyky synag indi başlaýar.
Orion kapsulasy nähili gonuş amala aşyrar?
Dolanmazdan öň Orion, zerur bolan ýagdaýynda kiçijik bir tizlik manýowry bilen öz ugruny soňky gezek düzedeninden soňra, Ýewropa Älem Gullugy tarapyndan ösdürilip ýetişdirilen hyzmat modulundan bütinleý aýrylar. Günler boýy kapsula güýç we itegi beren bu bölegiň aýrylmagy bilen ýylylyk galkany ilkinji gezek doly açylar. Bu burç örän möhümdir; sebäbi ýalňyş hasaplanylsa, kapsula ýa ýanar ýa-da atmosferadan yzyna, älem giňişligine zyňylar.
Kapsula sagatda takmynan 38.600 kilometr tizlik bilen atmosferaga girende, daşarky ýüzüniň gyzgynlygy 1650 derejä ýeter. Astronawtlar ýörite eşikleriň kömegi bilen goralan hem bolsalar, kapsulanyň daşy adeta otly şara öwrüler. Plazma bilen örtülen wagtynda, takmynan 6 minutlap aragatnaşyk doly kesiler we Dünýädäki hiç kim olaryň ýagdaýyndan habarly bolup bilmez.
Aýdan gelen ajaýyp suratlar

Artemis II topary älem giňişliginde diňe bir taryhy syýahat etmek bilen çäklenmän, eýsem Aýyň ýüzüniň, Ýeriň doguşynyň we batyşynyň ozal görülmedik, iň ýokary hilli suratlaryny hem iberdi. Orion kapsulasy Aýyň gaty golaýyndan geçende düşürilen bu täsin wideolar we suratlar, asman jisimleriniň owadanlygyny we älem giňişligindäki adamzadyň täze ädimini aýdyň görkezýär. NASA Image and Video Library web saýtyndan bu taryhy pursatlaryň iň owadanlaryny synlap bilersiňiz.
Ýuwaşamak we halas ediş
Ýylylyk galkany öz işini tamamlandan soňra, Orion ýuwaşap başlar we 10.668 metr beýiklikde paraşýut ulgamy işe giriziler. Kapsulanyň tizliginiň sagatda 32 kilometr tizlige çenli peselmegi maksat edinilýär. Kapsula Ýuwaş ummanyna gonandan soňra, ABŞ-nyň Harby-deňiz güýçlerine degişli “USS John P. Murtha” gämisindäki toparlar dessin kömege gelerler. Astronawtlar dikuçarlar arkaly gämä alnyp, ilkinji saglyk barlaglaryndan soňra maşgalalaryna gowuşarlar.


