3D printerde çap etmek pikirleri 1980-nji ýyllardan bäri dowam edip gelýär. Häzirki wagtda 3D çap etmek işjeň ösmegini dowam edýär we başga ýollar bilen öndürip bolmaýan çylşyrymly zatlary döretmäge mümkinçilik berýänligi sebäpli has köp ulanylýar. Azyk senagatynda 3D çap etmek azyk önümlerini döretmek üçin azyk materiallaryny ulanýan goşmaça tehnologiýalaryň bir görnüşine degişlidir. Ilkinji 3D iýmit printeri ABŞ-da peýda boldy. Bu printer hamyr, şokolad, et we ş.m iýmit materiallarynyň gatlaklary arkaly dürli önümleri taýýarlamaga mümkinçilik berdi. Häzirki wagtda 3D printeriň esasy 8 görnüşi, modifikasiýa we görnüşleri durmuşa geçirilişi boýunça 30 töweregi görnüşi bar. Şeýle-de bolsa azyk senagatynda 3D printeriň diňe 3 modeli ulanylýar. 3D printeriň artykmaçlyklary:
Çalt önüm öndürmek prosesi, zähmet resurslaryny tygşytlamak we zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmak.
Ep-esli ýönekeýleşdirmek we üpjünçilik zynjyryny azaltmak. Bir printer önüm öndürmek üçin ýeterlikdir.
Azyk galyndylaryny azaldýar we ekologiýa durnuklylygyny ýokarlandyrýar.
Kömelekler, suwotylar, mör-möjekler, laboratoriýada öndürilen et, ikinji derejeli çig mallar (kollagen saklaýan önümler, bugdaý tozy we ş.m) ýaly alternatiw materiallary ulanmak mümkinçiligi.
Mundan başga-da, häzirki zaman şertlerinde bu printerleriň ulanylmagy öýde, kafelerde we restoranlarda çylşyrymly tagamlary öndürmek prosesini çaltlarşdyryp biler. Azyk senagatyna we gündelik durmuşymyza innowasion tehnologiýalaryň ornaşmagy bilen 2030-njy ýyla çenli 3D printerleriň ähli ýere ýaýramak mümkinçiligi bar diýip çaklanylýar.
Emir Hanow
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby