Häzirki wagtda batareýalaryň bahasy örän gowy derejede arzanlaýar, bu bolsa global ýylylygyň öňüni almak üçin gowy täsir edýär. Klimat we daşky gurşawy goramak boýunça iş alyp barýan alymlar ýangyçlardan gaça durup, täzelenip duran energiýa çeşmelerine geçmegi maslahat berýärler. Gün we şemal energiýasy soňky ýyllarda has meşhur boldy, ýöne olaryň işleýiş prosesi çäkli wagta bagly bolup durýar.
Halkara energiýa agentligi (HEA) tarapyndan çap edilen täze hasabatda batareýalaryň energiýa howpsuzlygyny berkitmekde möhüm rol oýnaýandygy bellenýär. Lithium-ion batareýalarynyň tehnologiýasy soňky ýyllarda täzelenip, bahalaryny peseltmegi başardy. Şuňa görä, 2030-njy ýyla çenli batareýalaryň bahasy 40% azalar.
Täze batareýalaryň tehnologiýasynyň has arzanlaşmagy, umumy energiýa ugrunda möhüm ädimdir. HEA-nyň maglumatlaryna görä, häzirki wagtda batareýalar iň çalt bahasy arzanlan energiýa tehnologiýasy bolup, olaryň bahasy 15 ýylda 90% çenli peseldi. Bu peselme, ýeňil ulaglar we güneş energiýasy ýaly ekologik taýdan arassa çözgütleriň arzanlamagyna sebäp boldy.
Şol bir wagtyň özünde, batareýalara bolan islegiň ýokarlanmagy gün saýyn artýar. Batareýalaryň arzanlamagy diňe bir energiýa üpjünçiligi bilen çäklenmän, täze ulag serişdeleriniň dünýä derejesinde arzanlamagyny gazanmak üçin uly ähmiýete eýe bolýar.
Emma batareýalaryň arzanlamagy mineral serişdeleriniň azaldylmagyny talap edýär. Häzirki wagtda batareýalar üçin zerur bolan mineral serişdeleriniň köpüsi diňe bir käbir ýurtlarda, şol sanda Hytaýda çykarylýar. Lithium we kobalt ýaly materiallaryň çykarylmagy tebigatyň we jemgyýetleriň deňagramlylygyna zyýan ýetirip biler.
Ýöne täze batareýalaryň döredilmegi daşky gurşawyň ýaramaz täsirlerini azaldar. Lityum-ion fosfat batareýalary, täze ulaglarda has köp ulanylýar we bu batareýalarda nikel ýa-da kobalt ulanylmaýar. Şeýlelik bilen, batareýalar üçin mineral serişdeleriniň ulanylyşyny peseltmek üçin täze ýollar tapylýar.
Batareýalaryň bahalarynyň arzanlamagy, oňaýly energiýa çeşmelerine geçmek üçin möhüm ädimdir. Şeýlelik bilen, bu täzelikler ekologiki taýdan arassa energiýa çözgütleriniň öňüni açar.
Aýna Rejepowa,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Maglumat howpsuzlygynyň menejmenti (oba hojalygynda) taýýarlyk ugrunyň 3-nji ýyl talyby



