Belarussiýa 2029 – 2030-njy ýyllar aralygynda öz raýat uçar modelini döretmegi maksat edinýär diýip, Prezident administrasiýasynyň başlygy Dmitriý Krutoý “Belarus 1” döwlet teleýaýlymynda aýtdy.
Russiýanyň ähli esasy awiasiýa zawodlary bilen gowy gurnalan gatnaşyklar bar, şol sanda biziň Baranowiçidäki 508-nji zawodymyzda, Minsk raýat awiasiýa zawodynda we Orşa awiasiýa zawodynda netiteli işler alnyp barylýar. Bular biziň uly awiasiýa üçlügimiz. Abatlamakdan doly önümçilik hyzmatdaşlygyna geçmek esasy maksatdyr” diýip, Krutoý teleýaýlyma beren beýanatynda belledi.
Onuň aýtmagyna görä, “Belarus awiasiýa meýilnamasynyň iň ýokary maksady 2029 – 2030-njy ýyla çenli raýat uçarynyň döredilmegi bolar. Uly iş ýaýbaňlandyryldy, bu iş dowam edýär” diýip, Krutoý habar berdi.
Prezident administrasiýasynyň ýolbaşçysy ýurduň awiasiýa pudagynyň öňünde abatlaýyş işlerini geçirmekden doly hyzmatdaşlyga geçmek meselesiniň durýandygyny belledi.




