Beýik Britaniýada hytaý awtoulaglarynyň günbatar markalaryna garanyňda artykmaçlygy mälim edildi. Bu barada «turkmenmetbugat.gov.tm» neşiri habar berdi.
Hytaýyň arzan elektrik awtoulaglary Günbatar bazarynda esasy orny eýeläp biler. Neşiriň belleýşi ýaly, britan kanunlaryna laýyklykda ýurtda satylýan awtoulaglaryň azyndan 22 göterimi elektrik bolmaly, 2030-njy ýyla çenli bu paý 80 göterim bolar. Hytaý awtoulaglarynyň bu meselede kömek etmegine garaşylýar.
Hünärmenleriň pikiriçe, günbatar markalary müşderilere has amatly şertleri hödürläp bilmezler — öz batareýalaryny ösdürmek üçin ummasyz pul gerek bolar. Şeýle-de bolsa, sarp edijiler ynamdar markalara ýapyşman, pul üçin has gowy bahany saýlarlar.