Nemes awtoöndürijisi BMW AG 2025-nji ýylyň üçünji çärýeginde arassa girdejisini 3,6 esse ýagny, 1,7 milliard ýewro çenli, paý üçin bolsa 2,74 ýewro çenli ýokarlandyrandygyny resmi hasabatynda habar berdi.
Şol bir wagtyň özünde, iýul – sentýabr aýlary üçin girdeji 32,31 milliard ýewro boldy, bu geçen ýylky görkezijiden (32,41 milliard ýewro) biraz pesdir. Muňa garamazdan, operasion girdeji (EBIT) 33,3% ýokarlanyp, 2,26 milliard ýewro boldy, marža 2,6%-den 7,2%-e ýetdi.
Oktýabrda kompaniýa 2025-nji ýyl üçin çaklamasyna gaýtadan seredip, awtoulag segmentinde garaşylýan maržany öňki 5-7%-den 5-6%-e çenli peseltdi. BMW muny Hytaýyň bazarynda islegiň pese gaçmagy bilen düşündirdi.
BMW, MINI we Rolls-Royce awtoulaglarynyň satuwy üçünji çärýekde 588,14 müň birlige ýetdi, bu geçen ýylkydan 8,7% köpdür. Ýewropada satuw 9,3%, ABŞ-da tas 25% ýokarlandy.




