Nemes awtoulag öndürijisi BMW kompaniýasy awtoulaglara göz açyp-ýumasy salymda reňkini üýtgetmäge mümkinçilik berjek E Ink tehnologiýasyny ornaşdyrmak boýunça işlerini işjeň dowam edýär. “Carbuzz” neşiriniň habaryna görä, bu tehnologiýa ornaşdyrylan ilkinji awtoulaglar 2027-nji ýylda peýda bolup biler.
E Ink tehnologiýasynyň birnäçe artykmaçlygy bar: zyýanly maddalaryň zyňyndylaryny azaldýar, adaty boýag dükanlaryna zerurlyk ýok. Mundan başga-da, müşderiler adaty reňk utgaşmalary bilen çäklenmän, awtoulaglary üçin islendik reňk saýlap bilerler.
Bu makalany peýdaly gördüňizmi?Derrew täzelikleri almak üçin Google-da Gorogly.com-y yzarlaň.
+ Yzarlaň


