Amerikanyň Boeing awiakompaniýasy 777X ýolagçy uçarynyň sertifikatlaşdyrylmagynyň gijikdirilmegi sebäpli goşmaça çykdajylara we jemi 5,4 milliard dollarlyk ýitgä sebäp boldy. Bu barada awiakompaniýanyň 2025-nji ýylyň üçünji çärýegine degişli maliýe hasabatynda maglumat berilýär.
Maglumatlara görä, kompaniýa şol bir wagtda täjirçilik uçarlarynyň iberilmegini artdyrdy, netijede girdeji 30% ýokarlanyp, 2024-nji ýyldaky 17,8 milliard dollardan 2025-nji ýylda 23,3 milliard dollara ýetdi.
Şu ýylyň sentýabr aýynda Boeing 777X uçarynyň satuwlarynyň başlanjak senesini yza süýşürdi — indi ilkinji ibermeler öň bellenen 2026-njy ýylyň ýerine 2027-nji ýylda başlanar diýlip garaşylýar.
Kompaniýanyň baş müdiri Kelli Ortberg ABŞ-nyň Federal raýat awiasiýasy dolandyryşynyň 737 MAX uçarynyň aýlyk önümçilik mukdaryny ýokarlandyrmaga oktýabr aýynda resmi rugsat bermegini kompaniýanyň ösüşiniň pozitiw alamaty hökmünde görýändigini aýtdy. «Biz 777X-iň önümçilik meýilnamasynyň gijikdirilmegine gynanýarys, ýöne uçar synag uçuşlarynda gowy netijeleri görkezmegini dowam etdirýär. Biz önümçilik we ösüş maksatnamalarymyzy tamamlamak hem-de işimizi durnuklaşdyrmak üçin öňümizde duran wezipelere ünsi jemleýäris» — diýip, Ortberg belledi.



