Awstriýanyň öň 201 dýuýmlyk ýygnalýan açyk meýdan telewizory bilen meşhurlyk gazanan «C SEED Entertainment Systems» kompaniýasy şeýle telewizoryň täze öý modelini hödürledi.
«C SEED N1» at bilen hödürlenen tehnologiýa ýygnalanda ýerde goýulýan mebele öwrülse, açylanda 103, 137 ýa-da 165 dýuým diagonally uly telewizor emele gelýär.
Telewizoryň özboluşly gurluşy bar. Onuň «MicroLED» panelleriniň bäşisi «gülleýän gül» görnüşinde açylyp, 3 metr çemesi beýiklikdäki ekrany döredýär. Tehnologiýany telewizora öwürmek üçin bary-ýogy 45 sekunt gerek.
Müşderiler telewizoryň tutýan meýdany boýunça islendik möçberdäki otaglara niýetlenen görnüşini satyn alyp bilerler. Çünki kompaniýanyň wekilleri diňe bir ululygy bilen tapawutlanman, eýsem, islendik bezege eýelik edýän jaý bilen sazlaşýan telewizory döretmegi başarypdyrlar.
«C SEED N1» modeliniň tehniki häsiýetnamasy
- Displeýiň diagonaly: islege görä, 103, 137 ýa-da 165 dýuým
- Matrisanyň görkezijileri: durulygy 4K, ýagtylygy 1000 nit (103 üçin 800 nit), 64 milliard reňki görkezmek, RWK goldawy 10+, PWM 3840 Gs, kontrast gatnaşygy 30 000: 1, gözýetim meýdany 170/170 dereje;
- Ses: 250 W-lyk iki dinamika + subwufer 700 Wt;Baglanyşyklary: HDMI 2.0, DisplayPort 1.4, 2xUSB, ses çykaryjy, Ethernet;
- Aýratynlyklary: AV-resiwer 9.2, telewizoryň aýlanyşy 180 gradus sagat diliniň tersine ýa-da 90 dereje saga / çepe;
- Agramy: ýokarda görkezilen diagonallara görä, degişlilikde 420 kg, 680 kg we 900 kg.
C SEED N1-iň bahasy çak bilen 200 müň dollar.
C SEED N1 Berlinde IFA 2024 halkara sergisiniň öňüsyrasynda görkezildi.