Cloudflare-niň dünýä boýunça ýaýran torunda ýüze çykan tehniki näsazlyk, X platformasynyň, aýratynlykda birnäçe meşhur saýtlaryň we onlaýn hyzmatlaryň işlemegine päsgelçilik döretdi. Millionlarça ulanyjy birden internetsiz ýagdaýda galdy. Hünärmen toparlary bolsa näsazlygyň gelip çykma sebäplerini öwrenýärler.
Şu gün — 2025-nji ýylyň 18-nji noýabrynda dünýäniň dürli ýurtlarynda millionlarça ulanyjy meşhur web-saýtlara we onlaýn hyzmatlara girmekde düýpli kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz boldy.
Giň gerimli näsazlygyň sebäbi Cloudflare-niň global torunda ýüze çykan tehniki mesele bilen baglanyşyklydyr. Internetdäki bökdençlikler Türkmenistanyň wagty boýunça sagat 14:40-dan başlap ýüze çykdy.
Donanım Haber web saýtynyň habar bermegine görä, internetiň infrastruktura we howpsuzlyk hyzmatlaryny üpjün edýän öňdebaryjy kompaniýalaryň biri bolan Cloudflare hem meseläniň düýplidigini tassyklady. Kompaniýanyň beren maglumatyna görä, “Cloudflare Global Network” ulgamynda ýüze çykan näsazlyk köp sanly müşderä täsir ýetirip biler.
NÄSAZLYGYŇ SEBÄBI DERŇELÝÄR
Cloudflare-niň hünärmenleri näsazlygyň sebäbini anyklamak we täsir görkezijisini kesgitlemek üçin gyssagly derňew işine başladylar. Mesele boýunça täze maglumatlar peýda bolan badyna jemgyýetçilige ýetiriler.
Kompaniýanyň resmi beýannamasynda şeýle diýilýär:
“Cloudflare köp sanly müşderä täsir edýän meseläni ýüze çykardy we şu wagt ony derňeýär: giň ýaýran 500 sany ýalňyşlyk kodlary ýüze çykýar, Cloudflare Paneli (Dashboard) we API hem işlemeýär. Meseläniň doly täsirini anyklamak we ony düzetmek üçin işleýäris. Gysga wagtyň içinde goşmaça maglumatlar paýlaşylar.”



