Detroýtda geçirilen Demirgazyk Amerikanyň halkara awtosalonynda «Demirgazyk Amerikanyň ýylyň awtoulagy 2026» ýagny NACTOY 2026 baýragynyň ýeňijileri yglan edildi. Şu ýyl baş baýraklary Dodge Charger, Ford Maverick Lobo we Hyundai Palisade aldy.
Dabara çarşenbe güni irden geçirildi, ýeňijiler ABŞ-dan we Kanadadan öňdebaryjy awtoulag žurnalistlerinden ybarat eminler topary tarapyndan saýlandy diýip, AP habar berýär.
Baş baýraklar şeýle görnüşde paýlandy:
- Ýylyň awtoulagy: Dodge Charger
- Ýylyň ýük ulagy: Ford Maverick Lobo
- Ýylyň utilitar awtoulagy: Hyundai Palisade
Hünärmenler awtoulaglara ösen innowasiýalar, dizaýn, öndürijilik, howpsuzlyk we sürmekde rahatlyk ýaly görkezijiler boýunça baha berdi.
Ýeňil ulaglaryň kategoriýasynda Dodge Charger gibrid Honda Prelude kupesinden we ykjam Nissan Sentra-dan öňe geçdi. Ýük ulaglarynyň arasynda Ford Maverick Lobo ulagy Ram 1500 Hemi we Ram 2500 pikaplaryndan üstün geldi. Hyundai Palisade bolsa utilitar awtomobilleriň segmentinde Lucid Gravity we Nissan Leaf ýaly elektrik hereketlendirijili bäsdeşlerinden öňe geçdi.
Bu baýraklar Demirgazyk Amerikada iň abraýlylaryň biri hasaplanýar we hünärmenleriň baha bermeginde alyjylara täze modelleri saýlamaga kömek edýär.



