Aşgabatda DevFest 23 maslahaty geçirildi. Bu çärä programmirlemegi öwrenmek isleýänler, tejribeli işläp taýýarlamajylar hem-de IT ulgamy bilen gyzyklanýan ýönekeý adamlar sabyrsyzlyk bilen garaşdylar. Festiwalda dürli usullary ulanmaka arkaly kod ýazmak, internetiň işiniň düzümi, dizaýnyň inçe tilsimleri we oýunlary işläp taýýarlamagyň esaslary ýaly ugurlar bilen tanyşdyryldy.
Ýekşenbe güni ir säher bilen paýtagtymyzyň mekdepleriniň birinde meýletinçiler sahnany bezediler. Soňra ilkinji myhmanlar gelip başlady we zal ýuwaş-ýuwaşdan doldy. Günortana ýakyn çäräniň dabaraly açylyşy boldy. Giriş sözi bilen Google-yň (Google Developer Group, GDG) Işläp taýýarlamajylar toparynyň Aşgabatdaky guramaçylary Saparguly Mahtumow we Mährijemal Gylyjowa çykyş etdiler.
Bu gün biz siziň ähliňizi işläp taýýarlamajylaryň her ýylda geçirilýän üçünji festiwalynda görmäge şatdyrys. Bu çäre—biziň buýsanjymyz. 2021-nji ýylda geçirilen birinji festiwala bary-ýogy 50-ä golaý adam, 2022-nji ýylda 189 adam, şu gezekki çärä bolsa, 568 adam gatnaşmak üçin resmi saýtda hasaba alyndy. Bary-ýogy 3 ýyl mundan ozal döredilen jemgyýet üçin bu rekorddyr diýip, ynamly aýdyp bileris. Biz şeýle netijelere ýetmegi başarandygymyza çäksiz begenýäris we munuň üçin Siziň her biriňize sag bolsun aýtmak isleýäris diýip, guramaçylar myhmanlara ýüzlendiler.
Soňra ýygnananlary sanly ulgam arkaly Google-yň işläp taýýarlamajylary bilen gatnaşyklary boýunça utgaşdyryjysy Askar Aýtuow mübärekledi.
Google-yň Aşgabatdaky işläp taýýarlamajylar topary depginli kämilleşýär. IT jemgyýetçiliginiň agzalarynyň taslamanyň çäklerinde geçirilýän çärelere uly gyzyklanma bildirmegi munuň subutnamasydyr. Şu ýylyň sentýabr aýynda Halkara ynsanperwer ylymlar we ösüş uniwersitetinde Google-yň işläp taýýarlamajylarynyň ilkinji talyplar klubynyň (GDSC IUHD) açylandygyny bellemek gerek. Bu geçirlen sepgitler türkmen işläp taýýarlamajylarynyň tehnologiýalar ulgamyndaky bilimlerini we başarnyklaryny kämilleşdirmek isleýändigine şaýatlyk edýär diýip, ol belledi.
Soňra Türkmenistanda ilkinji Google-yň işläp taýýarlamajylarynyň ilkinji talyplar klubyny (GDSC IUHD) esaslandyryjy Bäwül Erejepowa çykyş etdi. Ol ýygnananlara klubyň işi hem-de talyplaryň jemgyýetçilik durmuşyndaky ähmiýeti barada gürrüň berdi.
Soňra kod ýazmak, frilansda işlemek, maglumatlary seljermek we tankydy nukdaýnazardan pikir ýöretmek ýaly dürli mowzuklar boýunça ugurdaş sessiýalar geçirildi.
Sessiýalaryň «GDE ýol kartasy», «Prompt-inžiniring sungaty», «Keras bilen işlemek» ýaly atlaryny okanyňda, olaryň diňe hünärmenler üçin niýetlenendir öýüdýärsiň. Ýöne, her sessiýa başalananda onuň hemmeler üçin gyzykly boljakdygyna düşünýärsiň.
Meselem, «GDE ýol kartasy» ady bilen geçirilen sessiýada Google-yň ilkinji türkmen işläp taýýarlamajy bilermeni özüniň iş tejribesini paýlaşdy.
«Prompt-inžiniring sungaty» atly sessiýada bolsa, spiker gerek netijäni almak üçin emeli intellekte nähili buýurmalary ýazmalydygy barada jikme-jik gürrüň berdi.
Şeýlelikde, 22 ugurdaş sessiýalar geçirildi. Olarda dizaýn, üstünlikleriň taryhy, oýunlary işläp taýýarlamak, startaplar üçin Google-y peýdalanmak barada başga-da, köp zatlar barada gürrüň edildi.
Sessiýalar tamamlanandan soňra, oňa gatnaşyjylar festiwalyň netijelerini ara alyp maslahatlaşdylar we hoşlaşdylar. Ýöne, ýakyn geljekde ýene-de köpsanly gyzykly tehnologik duşuşyklar geçiriler!