Zuchongzhi-3 kwant kompýuter prototipiniň kwant hasaplaýyş pudagynda täze rekordlar goýmagyna garaşylýar. Ösüşiň awtorlarynyň pikiriçe, adaty superkompýuterlerden has çalt işleýär.
Dürli çaklamalar
Zuchongzhi-3 kompýuter 105 kubitden ybarat. Hytaýly alymlaryň pikiriçe, “Frontier” superkompýuter birnäçe minutda ýerine ýetirýän kwant hasaplamalary üçin takmynan 6 milliard ýyl sarp ederdi.
Kwant hasaplamasy üçin synag Random Circuit Sampling (RCS) diýlip stlandyrylýar. Bu synag wagtynda prosessor tötänleýin kwant zynjyrlaryny döredýär we netijelerine baha berýär.
Synagyň netijesi
“Zuchongzhi-3” synaglarynda ýazylan netijeleriň dogry bolsa, Frontier superkompýuterinden 2 million milliard, Sikamor (Google) superkompýuterinden 1 million esse çaltdygy bellendi.
Bozoganowa Bägül
Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň maglumat ulgamlary we tehnologiýalary taýýarlyk ugrunyň 1-nji ýyl talyby