Ýapon alymlary tarapyndan ylmy gözleglerde diýseň uly öwrülişik amala aşyryldy we dünýäde ilkinji «emeli aň alymy» döretdiler. Ylmy açyşlary amala aşyrmak üçin «emeli aň alymy» Ýaponiýada ýerleşýän «Sakana AI» gözleg we ylmy-barlag kompaniýasy tarapyndan işlenip düzüldi.
Kompaniýanyň berýän maglumatyna görä, ilkinji «emeli aň alymy» taslamasynyň «Foerster Laboratories», Oksford uniwersiteti we beýleki köp sanly uniwersitet bilen bilelikde hyzmatdaşlygyň netijesinde işlenip düzülendigi mälim edildi.
«Emeli aň alymy» ulgamynyň bar bolan gözlegleri gözden geçirip, täze gözleg ideýalaryny hödürläp biljekdigi we bu ulgamyň gözleg kodlaryny ýazyp biljekdigi bellenildi.