«Mingyang Smart Energy» kompaniýasy Hytaýyň Haýnan welaýatynyň çäginde dünýäniň iň uly modul ýel turbinasyny gurnamak işiniň üstünlikli tamamlanandygyny yglan etdi.
Täze gurnama ozalky iň ýokary görkezijä eýelik edýän 18 megawatlyk turbinadan hem kämil bolup, 20 MWt çenli çykyş kuwwatyny öndürmäge ukyplydyr.
Modeliň ýel kabul edijisiniň diametri 260 — 292 m, iň ýokary ýel gurşawynyň meýdany 66 966 inedördül metr bolup, bu NFL-iň 12 futbol meýdançasynyň tutýan ýer böleginden hem has uludyr.
Ýyllyk ýel tizliginiň ortaça derejesi 8,5 metr/sek bolan ýagdaýynda, gurnama sagatda 80 million kWt barabar elektrik energiýasyny öndürip biler. Munuň özi 96 müň hojalygy bir ýyllap elektrik energiýasy bilen üpjün etmek üçin ýeterlikdir. Ulgamyň 80 metr/sek tizlige çenli ýelden peýdalanmak mümkinçiligi bar.
Şeýle taslamalar arassa energiýanyň önümçiligini artdyrmak, şunuň ýaly gurnamalaryň ykdysady netijeliligini ýokarlandyrmak üçin örän möhümdir. Şuňa meňzeş ulgamlar geljekde energiýanyň şu görnüşiniň bahasynyň elýeterliligini gazanmakda ähmiýetli bolar.