Täjigistanyň paýtagty Duşenbede şäheriň Döwlet häkimiýetiniň ýerine ýetiriji edarasynyň başlangyjy bilen «QR-ýolbeledi» atly innowasion taslama durmuşa ornaşdyrylyp başlandy. Bu çözgüt «Sanly ykdysadyýetiň we innowasiýalaryň ösüş ýyllary – 2025–2030» maksatnamasynyň çäklerinde kabul edilip, şäheriň syýahatçylyk infrastrukturasynda möhüm özgertmeleri göz öňünde tutýar.

Taslama paýtagtyň 45 sany esasy medeni we taryhy ýadygärlikleri barada ilata, myhmanlara hem-de daşary ýurtly syýahatçylara takyk we elýeterli maglumaty ýetirmegi üpjün eder. Bu başlangyç Duşenbeniň sanlylaşdyrma syýasatynyň we onuň syýahatçylyk kuwwatyny dünýä ýaýmak ugrundaky tagallalaryň dowamydyr.
Taslamanyň çäginde saýlanan desgalara QR-belgiler ýerleşdirilen ýörite mermer tagtalar gurnalmaga başlandy. Bütin tagtalaryň gurnalyşynyň tamamlanmagy 2026-njy ýylyň ýanwar aýynyň ahyryna meýilleşdirilýär.
QR-belgini skanirlemek arkaly syýahatçylar gerekli tekst we ses maglumatlaryny özünde jemleýän Dushanbe Travel portalyna girip bilerler.
Taslamanyň ilkinji tapgyrynda maglumatlar üç dilde — täjik, rus we iňlis dillerinde — elýeterlidir. Indiki tapgyrda maglumatlaryň hytaý we arap dillerinde hem ýerleşdirilmegi meýilleşdirilýär.
«QR-ýolbelediň» ornaşdyrylmagy sanly syýahatçylygyň ösüşine, baý taryhy-medeni mirasyň wagyz edilmegine hem-de şäherde syýahatçylyk-maglumat hyzmatlarynyň hiliniň ep-esli ýokarlanmagyna ýardam berýär.



