Alymlar gündelik durmuşda peýdalanylýan öýjükli el telefonynyň zyýanly täsirini peseltmek we onuň öňüni almak üçin şu aşakdaky ýagdaýlaryň göz öňünde tutmalydygyny belleýärler.
— Gijesine ýatylanda telefony öçürip ýatmaly.
— Telefonda gürleşilende gulak bilen telefonyň arasy minimum 3 santimetr bolmalydyr.Sebäbi telefondan şöhläniň iň güýçli çykýan wagty jaňlaşylýan wagtydyr.
— Telefon üçin zyýany peseldiji daşlyklardan peýdalanmaly.
— Telefonda gürleşilende demir äýnekler dakynylmasa gowy bolýar.
— Telefony elektrik toguna birikdirilende başga otagda goýmaly.
— Çagalar, şeýle-de göwreli aýallar telefondan has hem uzak durmalydyrlar.
Häzirki döwürde adamzat durmuşyna ýakyndan ornaşan öýjükli telefonlaryň zyýanly täsirini peseltmek, boldugyça onuň öňüni almak iň bir derwaýys meseleleriň biri bolup durýar. Öýjükli el telefony özünden adam organizmi üçin zyýanly bolan elektromagnit şöhlelerini goýberýär. Telefondan çykýan elektromagnit tolkunlary bedeniň galtaşýan ýerindäki dokumalary gaty ýokary derejede gyzdyrýar. Öýjükli telefondan goýberilýän şöhleleriň uzak wagtlaýyn dowamly täsiri merkezi nerw ulgamynda howply täze döremeleriň peýda bolmagyna getirýär. Bu şöhleler arterial basyşa we ýürek-damar ulgamynyň işine oňaýsyz täsir edýär, beýniniň işjeňligini peseldýär. Şöhlelenme gen mutasiýasynyň peýda bolmagyna getirýär. Netijede bedende keselli öýjükler köpelýär, potologik täze döremeler ýüze çykýar. Adamyň ünsi peselýär we ýady gowşaýar. Kelle agyry peýda bolýar. Immun ulgamynyň işi gowşaýar. Gaharjaňlyk we ýadawlyk duýgusy artýar. Beden ýygy-ýygydan sowuklama sezewar bolýar. Elektromagnit şöhleleri göz torjagazy we beýleki duýgy organlaryndan kelle beýnisine geçýär hem-de onuň işine päsgelçilik döredýär.
Gadyrdan adamlar, hemmämiziň jan saglygymyz öz elimizde! «Saglygyň gadyryn bil, hasta bolmazdan burun» diýip, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň sözlerine eýerip, saglygymyzy goralyň!
DURDYMÄDOW GURBANMÄT
Türkmen oba hojalyk institutynyň 1-nji ýyl talyby