Hytaýyň BYD kompaniýasy täze elektrik awtoulag platformasy bilen innowasion ädim ätdi. Kompaniýa 1000 wolt arhitekturasy bilen täzelenen platformanyň işe girizilendigini habar berdi. Bu täze ulgam, elektrikli awtoulaglara ýangyç bekedi bilen deň tizlikde zarýad bermäge mümkinçilik berýär.
Modeliň netijeliligi
BYD-ni esaslandyryjy Van Chuanfunyň pikiriçe, täze platformadaky awtoulaglar 1000 kilowata çenli zarýad alyp biler we bary-ýogy bäş minut zarýad alandan soň 400 kilometre baryp biler. Elbetde, elektrik awtoulaglary pudagynda täze standartlary kesgitleýär we batareýany çalt we aňsat zarýad bermek ukyby köp adamlaryň ünsüni özüne çekip biler.
Esaslandyryjynyň bellegine görä 1000 wolt arhitektura esasynda öndürilen ilkinji elektrik awtoulaglary Han L sedany we Qin L ulagy bolar. Bu modeller elektrik awtoulaglary pudagynda köp täze mümkinçiliklere we ösüşlere ýol açýar.
Göz öňünde tutulýan işler
Kompaniýa Hytaýda 4000-den gowrak ultra çalt zarýad beriş stansiýasyny gurmagy meýilleşdirýär. Bu bolsa öz gezeginde elektrik awtoulaglaryna zarýad bermek işini ýeňilleşdirýär we howpsuzlygy üpjün edýär. Şeýle-de bolsa, taslamany durmuşa geçirmegiň dowamlylygy we maýa goýumlarynyň mukdary entek açyk däl.
Şol bir wagtyň özünde, BYD-iň täze ulgamy, elektrik awtoulag pudagyny mundan beýläk-de ösdürmäge we täze mümkinçilikleri döredip biljekdigini bellemek zerurdyr.
Garakulowa Mähribossan
Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň maglumat ulgamlary we tehnologiýalary taýýarlyk ugrunyň 1-nji ýyl talyby