Elektrik togy hakyndaky taglymatyň häzirki zaman ýagdaýy dürli ýurtlaryň alymlarynyň ençeme nesliniň uzak wagtlap hem-de tutanýerlilik bilen çeken zähmetiniň netijesidir. Elektrik energiýasy munuň özi tebigatdaky energiýanyň geçirmäge amatly görnüşleriniň biridir. Elektrik sözi elektron (grekçe ýantar–ozalky zamanlarda ösen hwoýaly agaçlaryň daşa öwrülen smolasy şeýle atlandyrylýar) diýen grek sözünden gelip çykandyr.
Gadymy Gresiýanyň alymlary ýüň mata sürtülen ýantar jisimleriniň ýeňil zatlary özüne dartýandygyny aňypdyrlar. XVI asyryň ahyrlarynda mata bilen sürtülen sürgüjiň, ýüpek bilen sürtülen aýnanyň we beýlekileriň maýdaja ýeňil zatlary dartyş ukybyna eýe bolýandygy takyklanypdyr.
Ýantar we beýleki maddalar sürtülenden soň elektrikleşdirilen diýilip, ýagny, jisimlerde şeýle häsiýetleriň döremek hadysasyna jisimleri elektrikleşdirmek diýip atlandyrypdyrlar. Jisimleriň elektriklenmegi jisimde elektrik zarýadynyň ýa-da ýöne elektrigiň emele gelmegi bilen düşündiripdirler. Bilişimiz ýaly jisimleri elektrikleş-dirmegiň iki usuly bolup, bir jisimi ikinji jisime sürtmek ýa-da zarýadlanan jisimi zarýadlanmadyk jisime galtaşdyrmak bilen mümkindir.
Üpbiýew Mergen
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby



