NVIDIA, “Grace Blackwell” tehnologiýasy bilen işlenip düzülen täze DGX Spark enjamyny tanyşdyrdy. Bary-ýogy kitap ululygyndaky bu “kiçijik” guty, 1 Petaflops güýji bilen öýüňizi hakyky maglumat merkezine öwürýär.
Emeli aň (AI) modelini işläp düzýänler üçin uly kynçylyk bolan “bulut (cloud) garaşlylygy” aradan aýrylýar. NVIDIA-nyň täze enjamy, ulanyjylara internete birikmezden, iň uly AI modellerini öz stoluňyzyň üstünde işleşdirmäge mümkinçilik berýär.
DGX Spark aýratynlyklary we güýji:

- Täze Nesil Güýç: Enjamyň kalbynda NVIDIA GB10 Grace Blackwell superçipi ýerleşýär. Bu çip, CPU we GPU güýjüni birleşdirýär.
- Ägirt Uly Ýat (RAM): Iň wajyp aýratynlygy — 128 GB bitewi (unified) ýadyň bolmagy. Bu, häzirki iň güýçli wideo kartalaryndan (RTX 4090 – 24GB) 5 esse köpdür. Bu ýat, Llama 3 ýa-da GPT ýaly uly modelleri ýerli ulgamda işletmek üçin ýeterlikdir.
- Ynanylmaz Tizlik: Enjam 1 PFLOPS (FP4) emeli aň öndürijiligini hödürleýär.
- Uly Göwrüm: Maglumatlary saklamak üçin 4 TB ýady bar we ConnectX-7 bilen ýokary tizlikli tor birikmesini üpjün edýär.
- Ykjam Dizaýn: Ähli bu güýç, bary-ýogy 150mm x 150mm x 50.5mm ölçegindäki korpusa sygdyrylan.
NVIDIA DGX Spark, emeli aň hünärmenleri üçin özbaşdak we howpsuz iş gurşawyny döredýän hakyky tehnologik rewolýusiýadyr.
Bu makalany peýdaly gördüňizmi?Derrew täzelikleri almak üçin Google-da Gorogly.com-y yzarlaň.
+ Yzarlaň

