Türkiýede ilkinji gezek gumanid robot ýurduň raýaty hökmünde resmi taýdan hasaba alyndy.
Bu barada «Milliyet» gazeti habar berýär.
Habarlara görä, Festman atly bu robot, Samsun welaýatynyň Canik etrabynda şahsyýeti barlamak prosesinden geçiripdir.
Şeýlelikde, Festman türk raýatlygyny alan ilkinji robot hökmünde taryh döretdi.
Emeli intellekt pudagyndaky mümkinçilikleri bilen ünsi özüne çekýän robotyň hormat şahadatnamasynyň hem gowşurylandygy bellendi.



