“Mozilla”, “Firefox” brauzerinde täze bir aýratynlyk — profil döretmek ukybyny hödürleýär. Bu aýratynlyk, ulanyjylara iş, şahsy durmuş ýa-da beýleki işler üçin aýratyn internet gurşawyny döretmäge mümkinçilik berýär.
Ondan öň “Firefox” “Konteýnerler” giňeltmesi arkaly sahypanyň taryhyny we gutapjyk maglumatlary bölüp bilýärdi. Mysal üçin, bu bir wagtyň özünde dürli hasaplar bilen bir sosial tora girmäge mümkinçilik berer.
Mümkinçilikleriň giňeldilmesi
Indi, profiller size her bir iş üçin aýratyn brauzer penjiresini döretmäge mümkinçilik berýär. Her bir profil aýratyn awatar, reňk we tema berilýär — bu profilleri tapawutlandyrmagy aňsatlaşdyrýar.
Her bir profil, beýleki profiller bilen paýlaşylmaýan öz gutapjyklaryny we taryhy maglumatlary saklaýar.
The Verge, Firefox-daky profilleriň Chrome-daky ýalydygyny, ýöne birnäçe e-poçta hasaby döretmegiň zerur däldigini belleýär.
Amanmyradowa Altyn
Türkmen oba hojalyk institutynyň weterinar lukmançylygy fakultetiniň oba hojalygynyň dolandyrylyşy we guralyşy kafedrasynyň mugallymy



