«Ford» kompaniýasy «Ford Equator Sport» awtoulagynyň täze nusgasy tanyşdyryldy.Bu barada «ixbt.com» internet neşirinde habar berildi.
Awtoulagyň daşky ölçegleri uzynlygyna 55 mm artdy, indi onuň ölçegleri 4685 x 1935 x 1706 mm-dir. Salon täze bezeg wariantlaryny hem-de 10 dinamikli we sesi peseldiji tehnologiýaly ses ulgamyny aldy.
Awtoulagda 12,3 dýuýmlyk iki displeý bar we ýokary öndürijilikli multimedia ulgamyny üpjün edýän «Snapdragon 8155» prosessory hem ulanylýar. Täze awtomobil 170 at güýjüni öndürýän 1,5 litrlik turbo hereketlendirijisi we ýedi tizlikli «robot» bilen enjamlaşdyrylandyr. Şeýle hem alyjylar awtoulagyň gibrid görnüşini saýlap bilerler. Bu modifikasiýada 150 at güýji bolan içinden otlanýan hereketlendiriji we 82 at güýji bolan elektrik hereketlendiriji ulanylýar.