«Ford» kompaniýasy Ýewropada «Ranger» pikaplarynyň täze gibrid görnüşi bilen tanyşdyrdy. Bu barada «overclockers.ru» neşiri habar berdi.
Bu pikaplaryň öz kysymlarynyň arasynda iň ýyndamlarynyň biri boljakdygy nygtalyar. Täze pikapyň 2,3 litrlik 10 basgançakly turbomotor bilen üpjün edilendigi nygtalýar. Şeýle-de ulagdaky elektromotoryň 102 at güýçlüdigi we bir zarýadda 45 km ýol geçmäge ukyplydygy aýratyn bellenýär.
Ýewropada ulagyň 2025-nji ýylda satylyp başlanjakdygy habar berilýär.