«Lenovo» 16 dýuýmlyk iň ýeňil noutbugyny çykaryp ýörkä, «Fujitsu» kompaniýasy şu wagta çenli iň ýeňil ykjam kompýuterleriň biri hasaplanýan täze modelini — «FMV UX-K3» noutbugyny hödürledi.
Öndüriji «FMV UX-K3» enjamyny «öz synpynyň iň ýeňil noutbugy» diýip atlandyrýar, ýöne bu ýerde haýsy synp göz öňünde tutulýandygy doly düşnükli däl. Belki-de, gürrüň 14 dýuýmlyk noutbuklar barada gidýändir, sebäbi täze modeliň ekrany 14 dýuým.
Enjamyň agramy bary-ýogy 634 gram. Şeýle ýeňil agrama ýetmek üçin magniý garyndysy bilen uglerod süýüminden (ugleplastikadan) peýdalanylypdyr. «FMV UX-K3» noutbugynda «Intel Core Ultra 7 255U» prosessor ýerleşdirilen. Şeýle hem, bu enjam 16 GB RAM we 512 GB SSD 16 GB operatiw ýady we 512 GB SSD bilen enjamlaşdyrylan. 14 dýuýmlyk IPS ekrany bolsa 1920×1200 piksel durulygy bilen tapawutlanýar.
Mundan başga-da, noutbukda Wi-Fi 7, Bluetooth 5.4, USB-C, iki sany USB-A, HDMI we RJ45 portlary bar. Rekord derejede ýeňil bolmagynyň başga bir sebäbi bolsa — diňe 31 Wt·sag göwrümli batareýasy. Bu göwrüm häzirki zaman noutbuklary üçin örän kiçi hasaplanýar.
Täze modeliň bahasy Ýaponiýada takmynan 1860 amerikan dollary diýlip görkezilýär.




