«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçen 2024-nji ýylyň şowly bolşy ýaly, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylan 2025-nji ýylda hem halkymyza uly-uly üstünlikler, möhüm wakalar garaşýar. Bu ýylda Türkmenistan Watanymyzyň Birleşen Milletler Guramasynda iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny şanly baýram hökmünde giňden belläp geçer. Gahryman Arkadagymyzyň asylly ýol-ýörelgesini mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly döwlet syýasaty bilen berkarar bolýan ajap eýýamyň şan-şöhratyny has-da beýgeltmek bilen bagly beýik işleriň üstünlikli dowam etdiriljekdigini ýylyň başyndan bäri bolup geçýän wakalar hem aýdyň subut edýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň welaýat, şäher, etrap komitetleri özleriniň syýasy-guramaçylyk işlerini türkmen halkynyň H3Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan parasatly içeri we daşary syýasatynyň, durmuşa geçirilýän özgertmeleriň, Maksatnamalarynyň many-mazmunyny halk köpçüligine wagyz-nesihat etmäge, durmuşa geçirmäge gönükdirýärler.
Bu maksatnamalaryň biride sanly ulgam hakdaky konsepsiýasydyr. Sanly ulgama geçmek bilen ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak üçin ýörite hyzmatlar ulgamlary hem döredildi. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan» gelip çykýan wezipelere laýyklykda, raýatlar islendik harytlaryny we medeni-durmuş hyzmatlary üçin mobil tölegi sanly tehnologiýalar arkaly, ykjam telefonlaryň üsti bilen amala aşyryp bilýärler. Sanly ulgamyň esasy maksady tizlik, amatlylyk we tygşytlylyk bolmakdan ybaratdyr.
Häzirki döwürde internet torunyň üsti bilen harytlary satyn almak, hyzmatlardan peýdalanmak, maglumatlary gözlemek we uzak aralykdan işewür gepleşikleri geçirmek ýaly durmuşymyzy ýeňilleşdirýän işleri ýerine ýetirmek bolýar. Sanlylaşdyrma şol zerurlyklaryň elýeterliligini ýokarlandyrmak bilen, edara-kärhanalaryň we guramalaryň işini has-da kämilleşdirmäge, adamlaryň durmuşyny mundan beýläk-de ýeňilleşdirmäge ýardam berýär.
Hemmelere tanyş mysallaryň ýene biri-de, sanly bilim ulgamydyr.
Elektron kitaphanalar, olardaky okuw kitaplary, gollanmalar we wideosapaklar okuw işini ýeňilleşdirmäge gönükdirilendir. Olar bilim alýanlaryň kitaphanalara barmak, kagyz kitaplary we olardaky maglumatlary gözlemek, ýörite derslere gatnaşmak üçin sarp edýän wagtlaryny tygşytlamaga kömek edýär. Sanly ulgamda bilim alýanlaryň öz taýýarlyk derejesine laýyklykda okuw maksatnamasyny we öwreniş depginini özbaşdak saýlap almak mümkinçilikleri hem göz öňünde tutulýar.
Türkmen halkyny, berkarar watanymyzy ösüşleriň täze belentliklerine bedew bady bilen öňe alyp Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun her bir döwletli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Sanly ulgamyň häzirki döwürde tutýan orny
Önümçiligiň sanlylaşdyrylmagy adam üçin agyr fiziki zähmeti ýeňilleşdirmäge, zähmet we önümçilik proseslerini netijeli guramaga hem-de gözegçilikde saklamaga, şeýle hem, kärhananyň işgärleriniň howpsuzlygyny üpjün etmäge ýardam edýär. Meselem, «akylly» ulgamlar önümçilik kärhanalarynda işgärleriň howpsuzlyk düzgünleriniň talaplaryna laýyk geýinmegine we kadalaryň berjaý edilişine gözegçilik edip, şikes ýetmeleriň hem-de howply hadysalaryň öňüni almaga kömek edýär. Tehnologik gözegçiligiň kömegi bilen önümçilik konweýerlerinde zeper ýeten we kemçilikli önümler ýüze çykarylýar. Bu bolsa harytlaryň hiline gözegçiligi ýola goýmaga, wagty hem-de serişdeleri tygşytlamaga mümkinçilik döredýär.
Döwlet portal raýatlar we işewürler üçin elektron görnüşinde «bir penjire» döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirmegiň awtomatlaşdyrylan maglumat ulgamyny özünde jemleýär. Bu usul hyzmatlara isleg bildirýänlerden resminamalary merkezleşdirilen görnüşde kabul etmäge mümkinçilik berýär hem-de şolary taýýarlamagyň möhletlerine hem-de hyzmatlaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligi üpjün edýär.
Häzirki döwürde döwlet edaralarynyň hem-de kärhanalarynyň bir ýere jemlenen saýtlary her ministrligiň we pudaklaýyn edaralarynyň sanly ykdysadyýete geçmegiň derejesini anyk görkezýär. Aragatnaşyk hyzmatlary (öýjükli, telefon, IP – TV, internet) awtomobil we demir ýol ulaglary, jemagat hyzmatlary, birnäçe bank işleri boýunça tölegleri onlaýn arkaly amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.
Döredilen portalyň ähli gurallaryny doly herekete girizmek üçin saýtyň görkezilen bölümindäki hyzmatlary ýerine ýetirýänleriň işjeňligi zerur bolup durýar.
Biziň gündelik durmuşymyzda her bir raýatda, yuridiki edaralarda elektron poçtasy hökmany bolup durýar. Elektron poçta ýa-da “e-mail” – bu adaty poçtanyň elektron görnüşi. Elektron poçtanyň adaty poçtadan ýeke-täk tapawudy – onuň elektron tory arkaly işlemegi. Ilki bilen, elektron poçtanyň mümkinçilikleri barada gysgaça nygtap geçeliň.
Internet elektron poçtasynyň kömegi bilen elektron poçtasy bar bolan adamlara, guramalara, edaralara, kärhanalara elektron hatlar, goşundy faýllar iberip we kabul edip bolýar. Elektron poçtadan göwrümi uly bolan faýllary iberip bolmaýar, iberiljek faýllaryň göwrümi çäklendirilendir.
Elektron poçta gündelik durmuşymyzda dürli ýerlerde ulanylýar: web saýtlarda hasap açmak üçin, ulgama girmek üçin, web saýt tarapyndan elektron poçta iberilýän tassyklaýjy kody girizmek üçin, hasaby elektron poçta baglamak üçin we ş.m. Mundan başga-da, dürli sowalnamalar doldurylanda olaryň aglaba böleginde elektron poçta soralýar. Tehnologiýalaryň barha ösýän döwründe elektron poçtany ulanmaklyk maksada laýyk hasaplanylýar.
Diýmek elektron poçtalar biziň durmuşymyzyň aglaba böleginde ulanylýan bolsa, ony nädip goramaly diýen wajyp mesele ýüze çykýar. Parollary anyklamakda iň uly howp ýönekeý parollary ulanmakdadyr. Parollarda köp ulanylýan atlar we seneler köplenç sosial media gözegçiligi arkaly tapyp bolýar.
Parol döretmek
Täze tehnologiýalaryň ösmegi bilen akkauntlara, şahsy otaglara, elektron poçtalara ynamly, güýçli howpsuzlyk döredýän parollar gerek. Olary nädip döretmeli:
- Parolyň uzynlygy 10-12 simwollardan ybarat bolmaly
- “12345” ýada “password ýaly aňsat çaklanýan parollardan goýmaly däl
- Parolyňyz dürli simwollardan ybarat bolmaly, sanlar, baş ýada setir harplar
- Parolyňyzyň yzygiderliginde “o” harpyna derek 0 sany bilen üýtgetmek ýaly işler haker programmalary muny göz öňünde tutýandygyny ýatdan çykarmaň
- Paroly düşündirýän sözüňiz (Кодовое фраза) manydaş bolman, yzygiderli bolmaly däldir.
- Parolyňyz özüňize düşnükli, ýöne kompýuteriň seljermesine laýyk bolmaly däldir. Ýöne ýatda saklap bolmaýan parollar, öz akkaundyňyza girip bilmeseňiz paňdaly däldir.
- Öň ulanmadyk parolyňyz bolmaly. Sebäbi birnäçe akkauntlara şol bir paroly goýsaňyz ony çalt we aňsat açyp bolýar. Her bir parolyňyz özboluşly gaýtalanmaýan bolsun.
Iň kyn parollar 4 harpdan ybarat bolan söz bolsa, onuň ilkinji iki harpy san ýada simwol bilen öwürmeli.
Eýsem ýer ýüzünde parollaryň görkezijileri nähili?
Beýik Britaniýanyň Milli kiberhowpsuzlyk gullugy, ulanyjylaryň parollary baradaky täze gözlegleriň netijelerini paýlaşdy. BBC haýar gullugynyň habar bermegine görä jemgyýetiň 60% bilip bolaýjak parollary ulanýar. Dünýä ilatynyň 15% bolsa özleriniň halaýan haýwanlarynyň atlaryny parol görnüşinde ulanýarlar. Ulanyjylaryň 13% özleriniň parollaryny maşgala agzalarynyň atlaryny we 12% bolsa wajyp senelerini belleýärler. Şeýle hem “12345” san görnüşinde paroly ulanýanlaryň sany 6% we gözlegleriň netijelerinde adamlaryň diňe 40% pes howpsuzlyk parollaryny ulanmaýandyklaryny görkezýär.


