Garmin, ösen akylly sagat seriýasy “Fenix 8 Pro” bilen köp sport tehnologiýasynyň çäklerini öňe sürýär. Enjam köpden bäri garaşylýan täzelikleri aldy: LTE-M, hemra aragatnaşygy we hatda MicroLED displeýi bularyň “Fenix 8 Pro”-da jemlenendir
Sagadyň mümkinçilikleri
Indi ulanyjylar 30 sekuntda sesli habar iberip, tekst alyş-çalyş edip, ýerleşýän ýerini paýlaşyp, howa şertlerine gözegçilik edip we smartfona birikmän SOS signallaryny iberip bilerler. Bularyň hemmesi abuna bahasy aýda 8 dollardan başlanýan Garmin InReach platformasynyň üsti bilen işleýär. Täze ulanyjylar üçin 30 günlük mugt synag möhleti bar.
Enjamyň aýratynlyklary we düzümi
LTE aragatnaşygy Demirgazyk Amerikada, Ýewropada we beýleki 30-dan gowrak ýurtda goldanýar. Galan funksiýalar “Fenix 8” modeline meňzeýär – adaty datçikler, okuw usullary we nawigasiýa.
Bu seriýa 27 güne çenli batareýasynyň ömri bolup 47 we 51 mm OLED modellerini öz içine alýar. Bahasy degişlilikde 1200 dollardan 1300 dollar. Açyk MicroLED displeýli (4500 nit) wersiýa tapawutlanýara çenli bolar diýip garaşylýar.
Resmi satuwlar 2025-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda başlar. Bu sagat diňe bir aksesuar däl, eýsem türgenler we syýahatçylar üçin güýçli guraldyr.
Lebap welaýatynyñ Çärjew etrabynyň 34-nji orta mekdebiniň baslangyç synp mugallymy
Bibisoltan Abdykaharowa



