Geljegiň biosowadyjylary azyk saklaýyş tehnologiýasynyň we sowadyjy enjamlaryň mundan beýläk hem ösjekdigini görkezýär. Biosowadyjy düşünjesini rus dizaýneri Ýuriý Dmitriýew ösdürdi. Bisowadyjynyň beýikligi 2 metr we ini bary ýogy 23 sm barabar. Islendik ýagdaýda ýerleşýän bu sowadyjynyň içine biogel ýerleşdirilýär. Biogel yssyz, ellere ýa-da iýmitlere ýapyşmaýar we adamlar üçin düýbünden howpsuzdyr. Bio sowadyjy ulanylanda elektrik togy hem tygşytlanýar.
Ujypsyzlygy sebäpli goşmaça ýer boşadylýar. Açyk gapyly bu ykjam sowadyjy täsin saklaýyş şertlerini döredýän innowasiýa biopolimer gel bilen doldurylýar. Adaty sowadyjylardan tapawutlylykda biosowadyjylarda tekjeler ýok, önümler geliň içindäki howa köpürjiklerinde ýüzýär şeýlelikde iýmitiň zeperlenmeginiň öňüni alýar.
Biosowadyjynyň artykmaçlyklary:
Energiýany tygşytlamagy. Adaty sowadyjynyň energiýasynyň diňe 8%-ni sarp edýär.
Biopolimer gel bilen sowadylýar.
Ykjamlylygy. Adaty sowadyjylardan 4 esse kiçi.
Köpugurly gurnama: diwara, ýere, ýokara ýerleşdirilip bilner.

Hereket edýän bölekler ýok.
Yslaryň garylmagynyň öňüni alýar.
Eremeýär we ýuwmak gerek däl.
Ýalpyldawuk gel ajaýyp owadan görünýär.
Ekologiýa taýdan arassa we zyýanly maddalar saklamaýar.
Kuwwat Seýitjanow
Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar Lukmançylygy hünäriniň 5-nji ýyl talyby



