Amerikan PETA kompaniýasy, moda pudagynda hakyky deri ulanmak meselesine adamlaryň ünsüni çekmegiň adaty bolmadyk usulyny tapdy.
Emeli intellektli göle görnüşindäki robot Nýu-Ýorkuň merkezindäki köçelerde peýda boldy. Haýwan hukuklary ugrunda göreşýär we diňe bir sygyrlara däl, deri öndürmek üçin gurban edilen ähli haýwanlara rehimsiz çemeleşmegiň bes edilmegini goldaýar.
Bu taslama, häzirki zaman deri sumkalaryň, aýakgaplarynyň we eşikleriniň arkasyndaky janly-jandarlaryň durmuşyny ýatlatmagy we wegetarian önümleriň ulanylmagyny öňe sürmegi maksat edinýär.

“Charlie XC Cow” atly robot göle, kellesi 3D printerde çap edilen mehaniki enjamda oturdylýar. Üstünde «Diňe wegetarian eşikleri satyn alyň» diýen ýazgyly bandana bar. Çarli XC köp adamly köçelerden ýöräp, geçip barýan adamlar bilen aragatnaşyk saklaýar.
Robot diňe bir deri önümleri geýýänleri tankytlamak bilen çäklenmän, şeýle haryt satyn almaýanlary hem öwýär: kimdir biri deriden ýasalan zat satyn almaýandygyny aýdanda, Çarli XC şatlygyny bildirmek üçin tans edýär.



