«Reuters» neşiriniň «Rho Motion» gözleg firmasynyň maglumatlaryna salgylanyp habar bermegine görä, Hytaýda has köp mukdarda öndürilen elektrik we gibrid awtoulaglaryň global satuwy şu ýylyň iýun aýynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 13 göterim ýokarlandy.
Elektrik awtoulaglarynyň elýeterliliginiň artmagy we BYD kompaniýasynyň şowly satuwy ýylyň birinji ýarymynda içerki bazardaky paýyny ýokarlandyrandygy sebäpli Hytaý dünýädäki satuwlaryň 60 göterimden gowragyny emele getirdi.
Şol bir wagtyň özünde Ýewropada elektrik awtoulaglaryň aýlyk satuw 7 göterim azaldy we 0,30 million boldy. ABŞ-da we Kanadada bolsa elektrik awtoulaglarynyň satuwy 6 göterim artyp, 0,14 milliona ýetdi.
Umuman alanyňda, elektrik awtoulaglarynyň dünýädäki satuwy 1,4 milliona çenli artdy, şol satuwlaryň 0,86 milliony Hytaýda bolup, bu ýerde ösüş 25 göterim artdy.