Google we birnäçe pudak hyzmatdaşlary XCPE backdoor ulgamyny dargatmak boýunça giň gerimli çäre geçirdi. Kompaniýanyň maglumatyna görä, bu zyýanly programma üpjünçiligi 1,3 milliondan gowrak set-top box-y botnete birikdirdi we enjamlaryň eýeleriniň habary bolmazdan dürli jenaýatçylykly işler üçin ulanyldy.
Google ýokary ynam bilen XCPE backdoorynyň we onuň esasynda döredilen botnetiň maliýe gazanmak maksady bilen bilkastlaýyn işlenip düzülendigini, ýaýradylandygyny we dolandyrylandygyny aýdýar. Kompaniýa bu işiň aňyrsynda Android enjamlaryny öndürýän Videostrong Technology Co. kompaniýasynyň durandygyny belleýär.
Botnet näme we nähili işledi?
Google-yň geçiren derňewine görä, Videostrong zyýanly backdoor arkaly ele geçirilen enjamlara beýleki jenaýatçylykly toparlaryň zyýanly modullaryny ýerleşdirmäge mümkinçilik berip, olara giriş satypdyr.
Şeýle modullaryň üsti bilen:
- mahabat galplyklary amala aşyrylypdyr;
- enjamlaryň residential proxy torlaryna gizlin birikdirilmegi üpjün edilipdir;
- goşmaça zyýanly programma üpjünçiligi enjamlara ýüklenipdir;
- maglumatlaryň çykarylmagy we zyýanly tor traffiginiň ugrukdyrylmagy ýaly işler amala aşyrylypdyr.
Google şeýle hem bu modullaryň dolandyryş üçin ulanýan C2 domenleriniň käbirleriniň işini bozandygyny mälim etdi. Kompaniýanyň bahalandyrmagyna görä, bu çäreler diňe XCPE-e degişli enjamlara däl, eýsem şol zyýanly modullaryň başga ýaýratma kanallary arkaly ýokuşan azyndan 10 million goşmaça enjama täsir edip biler.
Zyýanly programma enjamlaryň özünde ýerleşdirilipdir
Google-yň maglumatyna görä, XCPE bilen baglanyşykly zyýanly programma üpjünçiligi birnäçe ýylyň dowamynda dürli modeldäki we dürli brendli enjamlaryň içine öňünden ýerleşdirilipdir.
Kompaniýa bu kampaniýanyň ýeke-täk içerki işgäriň ýalňyşlygy ýa-da tötänleýin ýüze çykan programma kemçiligi bolmandygyna ýokary ynam bildirýär. Google şonuň üçin Videostrong bilen hyzmatdaşlygyny bes edendigini we kompaniýanyň öňünden Google programmalary ýüklenen sertifikatlaşdyrylan Android enjamlaryny öndürmegine ýol bermejekdigini aýtdy.
Android enjamlarynyň barlagy güýçlendiriler
Google-yň bellemegine görä, Android ekosistemasynda sertifikatlaşdyrylan enjamlary öndürijiler enjamlaryň howpsuzlygyny we laýyklygyny barlaýan giňişleýin synaglardan geçmeli.
Emma Videostrong bu barlaglarda ýüze çykarylmadyk obfuskasiýa usullaryny ulanyp, zyýanly kody enjam ilkinji gezek işe girizilenden soň ýerleşdiripdir.
Şu waka bilen baglylykda Google sertifikatlaşdyrylan Android TV enjamlarynyň programma üpjünçiliginiň bitewüligini barlamak boýunça gözden geçiriş işlerini güýçlendirýändigini mälim etdi.
Halkara hyzmatdaşlyk
XCPE ekoulgamyny derňemek we onuň işini bozmak boýunça Google Ýaponiýanyň Milli polisiýa gullugy, Lumen, HUMAN Security, Plume, Synthient we TrendAI bilen hyzmatdaşlyk etdi.
Google tarapyndan görülýän çäreleriň arasynda botneti dolandyrmak we zyýanly modullary ýerleşdirmek üçin ulanylan domenleriň we serwerleriň ýapylmagy, dürli zyýanly programma maşgalalarynyň C2 domenlerine garşy hukuk çäreleriniň görülmegi hem bar.
Şeýle hem kompaniýa geljekde Videostrong-yň we onuň golçur ýa-da hyzmatdaş gurluşlarynyň sertifikatlaşdyrylan Android enjamlaryny öndürmeginiň we beýleki sertifikatlaşdyrylan öndürijilere programma üpjünçiligi bermeginiň öňüni aljakdygyny aýtdy.
XCPE wakasy smart telewizor enjamlarynyň hem kiberhowpsuzlyk töwekgelçilikleriniň möhüm bölegine öwrülip bilýändigini görkezýär. Google bolsa bu ýaly zyýanly infrastrukturalara garşy bir gezeklik çäreleriň ýeterlik däldigini, jenaýatçylykly ekoulgamyň dürli böleklerini yzygiderli nyşana almagyň zerurdygyny belleýär.


