Dünýäniň iň uly tehnologiýa ägirdi bolan Google kompaniýasy, özüniň sanly ekosistemasynyň howpsuzlygyny has-da güýçlendirmek maksady bilen, Android we Chrome platformalaryndaky esasy kemçilikleri tapýan garaşsyz siber howpsuzlyk gözlegçilerine 1,5 million dollara çenli baýrak berjekdigini habar berdi. Kompaniýanyň köpçülige ýetiren resmi beýanatyna görä, “Baýrak maksatnamasynda” (Bug Bounty) edilen bu täze öwrülişik, esasan hem emeli aňyň tapyp bilmeýän, diňe ýokary zehinli ynsanlaryň üsti bilen ýüze çykarylýan çylşyrymly howplary aradan aýyrmaga gönükdirilendir.
Emeli aňyň täsiri we täze baýrak şertleri

Täze düzgünnama laýyklykda, emeli aň gurallary tarapyndan aňsatlyk bilen ýüze çykarylyp bilinýän ýönekeý kemçilikleriň baýrak möçberleri azaldylýar. Muňa derek, Google doly zynjyrly (full-chain) we “nol-tıklama” (zero-click) diýlip atlandyrylýan, ýagny ulanyjynyň hiç hili täsiri bolmazdan işleýän hem-de ulgamda galjylygy (kalıcılık) üpjün edýän Pixel Titan M2 kemçiligini tapan hünärmenlere 1,5 million dollara çenli sylag berer. Eger-de tapylan şeýle kemçilik ulgamda galjylyk aýratynlygyny öz içine almaýan bolsa, tölenjek puluň möçberi 750 000 dollar möçberinde kesgitlenildi.
Chrome we Linux üçin aýratynlyklar
Maksatnamanyň Android bölümi indi Google tarapyndan dolandyrylýan Linux ýadrosynyň kemçiliklerine has köp üns berýär we gözlegçilerden bu kemçilikleriň hakyky Android enjamynda ulanylyp bilinýändigini subut etmekleri talap edilýär. Chrome web brauzeri tarapynda bolsa, brauzer proseslerini nyşana alýan doly zynjyrly kemçilikler üçin 250 000 dollara çenli baýrak göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, “Miracle Ptr” atly ýörite gorag ulgamynyň astyndaky zolagy böwsüp geçen hasabatlar üçin 250 128 dollara çenli goşmaça bonus tölegleri hem amala aşyrylar.
Geçen ýyl jemi 747 sany siber howpsuzlyk gözlegçisine 17,1 million dollar töleg geçirip, taryhyndaky iň ýokary görkezijä ýeten Google, 2010-njy ýyldan bäri bu ugra 81 million dollardan gowrak maýa goýdy. Käbir ýönekeý kategoriýalarda baýrak möçberleri azaldylan hem bolsa, 2026-njy ýylda siber howpsuzlyk üçin sarp ediljek umumy býudjetiň öňkülerden has ýokary boljakdygy çaklanylýar.


